Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky maýa goýum forumynyň (TIF 2026) ilkinji daşary ýurtly gatnaşyjylary eýýäm Aşgabada gelip başladylar. Işewürlik maksatnamasynyň açylyşyna sanlyja sagat galdy, gatnaşyjylaryň Türkmenistan bilen tanyşlygy bolsa baý mazmunly medeni maksatnamadan başlanýar.

Ilkinji duralga gadymy Parfiýa galasy we Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärlikleriniň biri bolan Köne Nusaý bolar. Myhmanlar arheologik toplumy synlap, gadymy dünýäniň iň uly döwletlerinden biriniň taryhy bilen has ýakyndan tanşyp bilerler.
Aşgabada dolanyp gelenlerinden soň gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, milli halyçylyk däpleri we türkmen sungatynyň özboluşly nusgalary bilen tanşarlar.
Gezelenjiň jemleýji nokady Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bolar. Bu ýerde myhmanlar ýurduň taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmagyny dowam etdirerler.
TIF 2026 esasy işewürlik maksatnamasy 1-nji oktýabrda başlar. Iki günüň dowamynda plenar mejlisler, bilelikdäki resminamalara gol çekmek dabaralary, B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar geçiriler, şeýle hem energetika we nebithimiýa, ulag we logistika, söwda, senagat, oba hojalyk işewürligi we sanly ykdysadyýet ugurlarynda maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýlelikde, TIF 2026 gatnaşyjylary işewürlik duşuşyklary başlamazdan öň Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti bilen tanşyp, soňra forumyň esasy gün tertibine ýagny halkara maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyna geçerler.
PDF








