Polşada geçirilen zenanlaryň arasyndaky FIFA U-20 Dünýä Kubogynda Ispaniýanyň ýygyndysy çempionlyk gazandy. Ispaniýaly gyzlar Lodz şäherinde oýnalan finalda soňky çempion KHDR-iň ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Goşmaça wagtda-da üýtgän zat bolmansoň, ýeňiji 11 metrlik urgulary arkaly kesgitlendi. Bu urgularda ispanlar 4-3 hasabynda üstün çykyp, 2022-nji ýyldan soň taryhyndaky 2-nji çempionlygyny baýram etdi.

Ispaniýanyň U-20 zenanlar topary 2018-nji ýylda-da finalda ýeňlipdi. Ispaniýanyň 20 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy toparçada ähli duşuşygynda ýeňiş gazanyp, diňe 1 gol geçirtdi. “F” toparçada Nigeriýany 2-0, Täze Kaledoniýany 11-0, Hytaýy 3-1 hasaplar bilen ýeňen Ispaniýa 1/8 finalda Portugaliýadan (2-0), çärýek finalda Braziliýadan (1-0), ýarym finalda Italiýadan (2-0) üstün çykdy.

Finalçy KHDR-iň ýaşlar ýygyndysy finala çenli ähli garşydaşyny ýeňmek bilen bir hatarda, ýeke gol hem geçirtmedi. Hatda olar finalda-da esasy oýunda gol geçirtmän, 11 metrlik urgularyň netijesinde asgyn gelip, kubogy bassyr 2-nji gezek gazanyp bilmediler. “E” toparçada Portugaliýany 2-0, Kosta Rikany 4-0, Kolumbiýany 3-0 hasabynda ýeňen KHDR-iň gyzlar ýygyndysy 1/8 finalda Ýaponiýany (2-0), çärýek finalda Kanadany (2-0) hem-de ýarym finalda Kolumbiýany (3-0) ýaryşdan çykardy.

KHDR-iň U-20 zenanlar topary 2008-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda asgyn geldi. 2006-njy, 2016-njy hem-de 2024-nji ýyllarda çempionlyk gazanan koreýler 3 çempionlygy bolan 3 ýygyndynyň biridir. Ilkinji gezek 2002-nji ýylda geçirilen ýaryşda KHDR bilen bir hatarda, ABŞ-nyň, Germaniýanyň U-20 zenanlar topary 3, Ispaniýa 2, Ýaponiýa 1 gezek çempionlyk gazandy.