Şu gün, 8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler.
PDF








