Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy­nyň yg­ty­ýa­ryn­da ba­ha­sy 1 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak bo­lan su­per­komp­ýu­ter peý­da bo­lar. Ko­mis­si­ýa­sy­nyň şeý­le tek­li­bi­ni Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry ma­kul­la­dy­lar. Şu ýy­lyň no­ýab­ryn­da Lýuk­sem­burg­da Ýew­ro­pa­nyň ha­sap­la­ýyş mer­ke­zi açyl­ýar. Onuň gur­lu­şy­gy­na 24 ýurt, şol san­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bol­ma­dyk Nor­we­gi­ýa hem gat­naş­ýar.
Tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak üçin Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň býuje­tin­den 485 mil­li­on ýew­ro, gat­na­şy­jy ýurt­lar­dan 400 mil­li­on ýew­ro, hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar­dan 400 mil­li­on ýew­ro ge­lip gow­şar. Bu se­riş­de­le­re iki sa­ny su­per­komp­ýu­ter sa­tyn al­nyp, dün­ýä­niň iň güýç­li bäş su­per­komp­ýu­ter­le­ri­niň sa­na­wy­na gi­rer. Lýuk­sem­burg­da­ky ha­sap­la­ýyş mer­ke­zi Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da­ky su­per­komp­ýu­ter­le­riň ýe­ke-täk to­ru­na bi­rik­di­ri­ler.
Dün­ýä­niň iň güýç­li su­per­komp­ýu­te­ri “Sum­mit” ABŞ-da gur­lup, şu ýylyň iýun aýyn­da işe gi­ri­zil­di. Ol ýur­duň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň mil­li la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da dö­re­dil­di. Komp­ýu­te­riň kuw­wa­ty 200 pe­taf­lop­sa ýa-da se­kunt­da 200 müň tril­li­on ha­sap­la­ma deň­dir. Mun­dan ozal, dün­ýä reý­tin­gi­niň be­lent­li­gin­de 93 pe­taf­lops gör­ke­zi­ji­si bi­len Hy­ta­ýyň “Sun­way Tai­hu­Light” su­per­komp­ýu­te­ri dur­ýar­dy. Ne­mes­le­riň “Ju­wels” at­ly iň güýç­li su­per­komp­ýu­te­ri ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da­ky Ýu­li­hiň yl­my-bar­lag mer­ke­zin­de ýer­le­şip, onuň kuw­wat­ly­ly­gy 6,2 pe­taf­lops. “Ju­wels” dün­ýä reý­tin­gi­niň top-500-li­gin­de 23-nji or­ny eýe­le­ýär.