Şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň soňky tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň iri möçberli halkara sergilere yzygiderli gatnaşyp, harytlarymyzyň giňden mahabatlandyrylmagy hem milli önümlerimizi daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
“Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar.
17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew sergä gatnaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
PDF








