Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 21-23-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” atly XXXI halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Halkara maslahat “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýän halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada 17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow hasabat berdi.

“OGT 2026” energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gepleşikleri ösdürmek üçin döwlet ministrlikleriniň ýokary derejeli wekillerini, milli we halkara nebit-gaz kompaniýalaryny, EPC toparlary, tehnologiýa üpjünçilerini, maliýe institutlaryny we bütindünýä maýadarlary bir ýere jemlär.

70 ýurtdan 1 400-den gowrak wekili bir ýere jemlän OGT 2025-iň rekord derejedäki netijelerine esaslanyp, bu maslahat maýa goýum taýdan özüne çekiji taslamalara, netijeli maýa goýum gurallaryna we energetikanyň ähli tapgyrlarynda strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmäge gönükdiriler.