17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny, “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty, V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, biologiýa dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem noýabr aýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly utgaşykly görnüşde III halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadany hem-de onuň bilen ugurdaş “Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ylmy-amaly maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga, bilim işiniň ylmy-usulyýet binýadyny öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmaga itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF








