Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti ýurdumyza geldi
19-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhman mähirli garşylandy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady. Myhmana duz-çörek hödür edilip, gül desseleri gowşuryldy.
Haly düşelen ýodajygyň ugrunda ellerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklary bolan çagalar aýdym-sazly çykyşlary bilen myhmany mübäreklediler.
Howa menzilinde mähirli we şatlyk-şowhun bilen garşylanylandan soňra, bu ýerdäki ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Oguljahan Atabaýewa myhmany Aşgabatda garşylamaga we görmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de bu ýerde guraljak çäreleriň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki depginli ösdürilýän döwründe öňde durýan asylly maksatlary durmuşa geçirmegiň bähbidine iki ýurduň we olaryň halklarynyň barha ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Leýla Aliýewa mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de türkmen paýtagtynda meýilleşdirilen çäreleriň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi.
Myhman Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralýan «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa howa menzilinden ugradylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda myhmany gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.
Soňra haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra bu ýerde Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Oguljahan Atabaýewa myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda mübäreklemäge şatdygyny aýdyp, hususan-da, «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna onuň hut özüniň gatnaşmaga gelendigi üçin hoşallyk bildirdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkmenistanda şeýle ähmiýetli çäräniň guralýandygyny bellemegiň örän ýakymlydygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda uly işleri amala aşyrýan Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň berýän goldawlarynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti sözüni dowam edip, sergide örän özboluşly, täsin işleriň jemlenendigine, Leýla Aliýewanyň işleriniň hem örän inçeden nepis işlerdigine ünsi çekdi hem-de olara ertir sergä gatnaşýanlaryň ýakyndan göz ýetirip synlap biljekdiklerine ynam bildirdi.
«Umuman, «Ene — tebigat» atly serginiň sungatyň dilinde medeni gymmatlyklaryň ösmegine ýardam berýändigine, şeýle hem her kimiň öz-özüne: “Eýsem, men daşky gurşawy goramak üçin näme edip bilerin?” diýen sowaly bermegine kömek etjekdigine ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada nygtap, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny hem-de yzygiderli ilerledilýändigini, bu babatda şu ýylyň aýratyn ähmiýetli ýyl bolandygyny aýtdy.
«Biz bilelikde işlemegi, tejribe alyşmagy hem-de özara gatnaşyklarymyzy yzygiderli ilerletmäge ýardam bermegi maksat edinýäris. Biz ähli netijeli tekliplere açykdyrys» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady hem-de myhmana berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabada gelmäge çakylyk, şeýle hem mähirli garşylanandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hem-de türkmen paýtagtynda «Ene — tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy.
Leýla Aliýewa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň özara saparlary munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Aşgabatda geçiriljek «Ene — tebigat» atly serginiň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Bu ýerde bejergi alýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly döredijilik çykyşlaryny görkezdiler.
Binanyň içinde myhmana Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlardan hödür-kerem edildi. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, alym lukman Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli bu eserinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler, olaryň taýýarlanylyş we ulanylyş usullary barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Soňra Leýla Aliýewa merkeziň bölümleri bilen tanyşdy. Oguljahan Atabaýewa myhmany bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyryp, alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa merkezde çagalaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu babatda myhmana bejergi alýan çagalaryň saglygyny, şol sanda daýanç-hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek we beýleki zerurlyklar üçin bu ýerde döredilen mümkinçilikler, bölümlerde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary, alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň berildi.
Merkezde bolmagynyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa bu ýerde bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandylar. Çagalaryň ejeleri bu ýerde ähli amatlyklaryň döredilendigini, lukmanlaryň tagallasy bilen bejergileriň üstünlikli geçirilýändigini aýdyp, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde operasiýadan soňky bejergiler üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde çagalaryň boýun-oňurga we hereket ediş agzalarynyň dogry ösüşini üpjün edýän ýöriteleşdirilen otaglar bolup, olar degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa çagalaryň tiz sagalmaklaryna mümkinçilik berýär.
Leýla Aliýewa merkezde döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanşyp, olara ýokary baha berdi. Şeýle hem ol türkmenistanly çagalaryň bagtyýar nesillerdigini, olaryň saglygyny dikeltmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda ýokary derejede uly üns berilýändigine göz ýetirendigini nygtady.
Soňra Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa bilelikde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine ugradylar. Bu ýerde olar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Soňra medeni maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler paýtagtymyzda dowam etdi.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti guraldy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda türkmen we azerbaýjan sazlary, şol sanda kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen sazlar ýaňlandy. Bu ýerde “Disney” kompaniýasynyň döreden meşhur multfilmlerine ýazylan saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.
PDF








