18-20-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde IV Lýançžu forumyň çäginde «Medeni gymmatlyklary yzyna gaýtarmak we restitusiýa babatda hyzmatdaşlygyň we ylalaşyklaryň täze görnüşleri» atly Aziýa-Ýuwaş umman sebitleýin dialogy geçirildi.
Lýançžu ýadygärliginiň açylmagynyň 90 ýyllygyna bagyşlanan forum dürli ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, ÝUNESKO-nyň, ICCROM-yň, muzeýleriň we ylmy merkezleriň wekillerini bir ýere jemledi. 18-nji oktýabrda geçirilen açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, Medeni miras boýunça döwlet dolandyryşynyň ýolbaşçysy Rao Çýuan, Gresiýanyň medeniýet ministri Lina Mendoni, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça kömekçisi Naýef Al-Fäýez we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler. Dabaranyň çäginde iki ähtnama gol çekildi. Esasy çykyşlar Lýançžunyň arheologik açyşlaryna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de howanyň üýtgemegi we urbanizasiýa şertlerinde mirasy gorap saklamaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar mirasy ýerinde gorap saklamagyň, şol sanda emeli aňy goşmak bilen, täze tehnologiýalaryň onuň goralyşyndaky ähmiýetini, medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň zerurlygyny nygtadylar. Ýaşlary işe çekmäge we siwilizasiýalaryň gözbaşlaryny öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

18-19-njy oktýabrda geçirilen sebitleýin dialog medeni gymmatlyklary gelip çykan ýurtlaryna gaýtarmak meselesine bagyşlandy. Hindistanyň, Niderlandlaryň, Kambojanyň, Awstraliýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri amaly tejribelerini paýlaşdylar. Seredilen mysallaryň arasynda Leýden uniwersitetinden gadymy hatlaryň Hindistana, Awstraliýanyň Milli galereýasyndan bürünç heýkeller Kambojana we Zidankudan tapylan ýüpek golýazmanyň tomlarynyň Hytaý Halk Respublikasyna gaýtarylmagy bar. Gatnaşyjylar restitusiýanyň üstünlikli bolmagynyň eserleriň gelip çykyşyny garaşsyz öwrenmäge, döwletleriň we muzeýleriň arasyndaky gepleşiklere, şeýle hem ylmy seljermä we jikme-jik resminamalara daýanýandygyny bellediler.
Etiki meselelere hem uly üns berildi. ICOM-yň täzelenen Etika kodeksi, muzeýleriň öz ýygyndylarynyň gelip çykyşyny yzygiderli öwrenmek borjy we karar kabul etmekde gelip çykyş jemgyýetleriniň gatnaşmagynyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Eseriň yzyna gaýtarylmagynyň mundan beýläk-de ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup durýandygy baradaky pikir hem aýdyldy.
Goşmaça çäreleriň çäginde gatnaşyjylar Lýançžu arheologik ýadygärligine, Lýançžu muzeýine we Hançžoudaky Hytaý Halk Respublikasynyň Neşirler we milli medeniýet arhiwine baryp gördiler.
Ýurdumyzdan bu çärelere Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni G.Igdirowa gatnaşdy. Bu forum medeni mirasy gorap saklamak babatda dünýä tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berdi.

Çeşme: medeniyet.gov.tm