Özbegistanyň Daşkent şäherinde kikboksing boýunça geçirilen dünýä kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri alty medal gazandylar. Halkara ýaryşynda 47 döwletden 2 800-den gowrak türgen çykyş etdi. Türkmen türgenleri ýaryşy iki altyn, iki kümüş we iki bürünç medal bilen tamamladylar.
Altyn medallara Sünnet Bernäýew we Kakajan Agaýew mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Sünnet Bernäýew «Full Contact» görnüşinde 57 kilograma çenli agram derejesinde, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kakajan Agaýew bolsa «Low Kick» görnüşinde 51 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýelediler.
Kümüş medallary «Low Kick» görnüşinde 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Islam Rahmetow hem-de «K-1» görnüşinde 57 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşan Ýunus Hamraýew gazandylar.
«Full Contact» görnüşinde 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Begmämmedow we «Kick Light» görnüşinde 79 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Toýlymyrat Ýegeleýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Çeşme:sportcom.gov.tm
PDF








