21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Bu iri göz­den ge­çi­ri­liş Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny giň­den ta­nyş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň, Ýew­ro­pa­nyň, Azi­ýa­nyň, Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ara­syn­da işe­wür­lik we gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, tä­ze tas­la­ma­la­ry işe gi­riz­mek, dün­ýä­dä­ki ýag­daý­lar hem-de pu­da­gyň gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry bi­len ta­nyş­mak üçin oňyn meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Şu ge­zek­ki hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi köp san­ly gat­na­şy­jy­la­ry özün­de jem­le­ýän­di­gi bi­len ozal­ky­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 75-e go­laý ýur­dun­dan
1 müň 700-den gow­rak we­kil gat­naş­ýar. Gat­na­şy­jy­la­ryň giň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi aba­dan we dur­nuk­ly ös­ýän ýurt hök­mün­de giň­den ta­nal­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­le­riň ýy­lyň-ýy­ly­na art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ola­ryň bir­nä­çe­si hal­ka­ra fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly go­şul­dy­lar.
Ser­gi meý­dan­ça­syn­da dün­ýä­niň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ba­za­ry­nyň esa­sy gat­na­şy­jy­la­ry bo­lan iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň 130-dan gow­ra­gy di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy. Bu ýer­de önüm­le­ri hem-de ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny göz­läp tap­mak, çy­kar­mak, iber­mek we sak­la­mak ul­ga­my­ny üp­jün et­mek, çuň bu­raw­la­mak, ozal­ky he­re­ket ed­ýän tur­ba ge­çi­ri­ji­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ryň tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry art­dyr­mak, gu­ýu­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni kö­pelt­mek ba­bat­da hyz­mat­la­ryň giň ge­ri­mi gör­ke­zil­ýär. De­ňiz­de ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny we Ha­zar­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan ke­nar­ýa­ka dü­züm­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ser­gi­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ne, kär­ha­na­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak ul­ga­my­na de­giş­li gel­je­gi uly iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ra hem-de eko­lo­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça tä­ze­çil­lik­le­re uly orun be­ril­di.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da öz işi­ne baş­lan «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2026» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da ener­ge­ti­ka ba­za­ry­nyň ösü­şin­dä­ki äh­lu­mu­my ýag­daý­la­ra we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ar­ka­ly, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça ozal­dan bar bo­lan ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, tä­ze­le­rin­de bu­raw işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy.
«Ener­gi­ýa. Hyz­mat­daş­lyk. Ösüş» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän hal­ka­ra mas­la­ha­tyň «Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy: se­bi­ta­ra ara­bag­la­ny­şyk we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly ple­nar mej­li­sin­de te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de we ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň eks­por­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak­da eýe­le­ýän or­ny aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Çy­kyş eden­ler ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň we ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň se­bit­de ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­niň dur­nuk­ly üp­jün­çi­li­gi­ni ga­zan­mak­da, öza­ra bäh­bit­li işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň «Dün­ýä ener­ge­ti­ka­sy­nyň gel­je­gi: tas­la­ma­lar, teh­no­lo­gi­ýa­lar we ösüş» at­ly ple­nar mej­li­sin­de dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na sel­jer­me ber­lip, üýt­ge­ýän geo­sy­ýa­sy şert­ler­de hyz­mat­daş­lyk üçin açyl­ýan tä­ze müm­kin­çi­lik­le­re üns çe­kil­di. Hä­zir­ki teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we yl­myň ösen döw­rün­de ne­bit çig ma­ly­nyň, ne­bit önüm­le­ri­niň sarp edi­li­şi bar­ha art­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da ne­bit­gaz pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da is­leg bil­di­ril­ýän, ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­ly dür­li gör­nüş­li ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän, ne­bi­ti, te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Soň­ra hal­ka­ra fo­rum pa­nel mas­la­hat­la­ry bi­len do­wam et­di. «Se­bit­le­ýin ener­ge­ti­ka we inf­rast­ruk­tu­ra bag­la­ny­şy­gy: eks­port ugur­la­ry­ny we uzak möh­let­le­ýin ba­zar­la­ry ös­dür­mek» at­ly mej­lis­de ma­ýa go­ýum­la­ry hem-de in­no­wa­si­ýa­la­ry çek­mek ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri hem-de bi­ler­men­ler Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka we ne­bit­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myzda ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mä­ge uly üns beril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mi­ne­ral dö­kün­le­riň, po­li­mer­le­riň we beý­le­ki hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ryň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
«Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şi» at­ly mej­lis­de çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len tas­la­ma­lar we ola­ryň in­no­wa­si­on hem-de eko­lo­gi­ýa aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di­ler. Türk­me­nis­tan san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry hem-de prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ar­ka­ly ne­bi­ti we te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän, gel­jek­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan se­na­gat, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň de­ňiz top­lum­la­ry­ny hem-de iri «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni öz­leş­dir­me­gi iş­jeň­leş­dir­ýän döw­re­bap top­lum­la­ry gu­rup, dün­ýä ba­za­ry­na ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni eks­port et­mek­de or­nu­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň gel­jek­ki ösüş me­ýil­na­ma­la­ry eko­lo­gik ugur­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz­da te­bi­gy se­riş­de­ler re­je­li ula­nyl­ýar, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da edil­ýär, se­bi­tiň we dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eko­lo­gik ka­da­la­ryň ber­jaý edil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän se­na­gat des­ga­la­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir.
«Türk­me­nis­ta­nyň gaz pu­da­gy­nyň ösü­şi: ma­ýa go­ýum­lar, inf­rast­ruk­tu­ra we gel­jek­ki ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly mej­lis­de pes ug­le­rod­ly ener­gi­ýa el­ýe­ter­li­lik, Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy ga­zy­nyň eks­por­ty­nyň gel­je­gi, «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýa­ly, ýur­du­myz üçin mö­hüm me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Şeý­le hem teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öz­ger­ýän we ho­wa­nyň üýt­ge­ýän şert­le­rin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny dur­nuk­ly ös­dür­me­giň, daş­ky gur­şa­wa ýa­ra­maz tä­sir­le­ri azalt­mak­da ama­ly çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň hem-de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri alyş­ma­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ikin­ji gü­nün­de «Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de ma­ýa go­ýum we ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri», «Te­bi­gy ga­zyň ýo­ka­ry goş­ma­ça gym­mat­ly­ga eýe bo­lan önüm­le­re öw­rül­me­gi, gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösü­şi we se­na­gat gym­ma­ty­ny art­dyr­mak» hem-de «Ener­ge­ti­ka­nyň gel­je­gi üçin hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, teh­no­lo­gi­ýa­lar, san­ly öz­gert­me­ler we eme­li aň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak» at­ly mej­lis­ler, şeý­le hem ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de Ne­bit in­že­ner­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň (SPE) ýol­baş­çy­la­ry­nyň «te­ge­lek stol» du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Şeý­le-de, ýur­du­my­zyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň we da­şa­ry ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk res­mi­na­ma­la­ry­na gol çe­kil­di.
Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň üçün­ji gü­nün­de, şu gün me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak, ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi we ener­ge­ti­ka­nyň dur­nuk­ly ösüş ugur­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­ki­ler. Şeý­le hem «Türk­me­nis­tan – Ma­laý­zi­ýa: ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk» at­ly «te­ge­lek stol» du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da hal­ka­ra mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň jem­le­ri­ne gi­ňiş­le­ýin ga­ra­lar.