Braziliýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Sosial liberallardan sagçy dalaşgär Žair Bolsonaru ýeňiş gazanmak üçin gerek bolan 50 göterim sesi alyp bilmedi. Ol sesleriň 46 göterimini eýeledi. Onuň esasy bäsdeşi, Çepçi partiýadan dalaşgär Fernando Haddad bolsa, sesleriň 29 göterimini gazandy.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 28-nji oktýabrda geçiriljekdigini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim etdi. Ýurduň häzirki Lideri Mişel Temer öz dalaşgärligini hödürlemedi. Döwlet ýolbaşçysy wezipesine jemi 13 dalaşgär bäsdeşlik etdi. Ýurtda Prezident saýlawlaryndan başga-da, Kongresiň aşaky palatasynyň deputatlarynyň we ştatlaryň 287-siniň häkiminiň saýlawy geçirildi.