Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň Mer­ke­zi saý­law geňeşi ýur­duň pre­zi­diu­my­na ge­çi­ri­len saý­law­lar­da “So­si­al de­mok­rat­la­ryň ga­raş­syz bi­le­le­şi­gi” par­ti­ýa­synyň da­laş­gä­ri Mi­lo­rad Do­di­giň 55,15 % ses bi­len öňe saý­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Onuň yz ýa­nyn­dan 49,47 % ses bi­len Žel­ko Koş­miç, on­dan soň­ra 37,97 % ses bi­len Şe­fik Ja­fe­ro­wiç gel­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, “De­mok­ra­tik he­re­ket par­ti­ýa­syn­dan” boşn­ýak da­laş­gä­ri Şe­fik Ja­fe­ro­wiç, “De­mok­ra­tik front­dan” hor­wat da­laş­gä­ri Žel­ko Koş­miç, “So­si­al-de­mok­rat­la­ryň ga­raş­syz bi­le­le­şi­gin­den” serb da­laş­gä­ri Mi­lo­rad Do­dik Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň pre­zi­diu­my­nyň ag­za­la­ry bo­lar­lar. Ýurt­da Pre­zi­di­um ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň baş eda­ra­sy­dyr. Ol serb­ler, hor­wat­lar we boşn­ýak­lar ta­ra­pyn­dan saý­la­nan üç ada­m­dan yba­rat köp­çü­lik­le­ýin do­lan­dy­ryl­ýan döw­let eda­ra­sy­dyr.
7-nji okt­ýabr­da Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­da ýur­duň pre­zi­diu­my­nyň, par­la­ment de­pu­tat­la­ry­nyň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.