Nor­we­gi­ýa­nyň No­bel ko­mi­te­ti 5-nji oktýabrda Nobeliň Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­na Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­dan luk­man De­nis Muk­we­ge­niň we yrak­ly hu­kuk go­raý­jy Nad­ýe Mu­rad Ba­se Ta­ha­nyň my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. No­bel ko­mi­te­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ýyl bu baý­ra­ga 216 adam we 115 gu­ra­ma da­laş­gär­lik edip­dir. Alf­red No­be­liň wes­ýet­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy halk­la­ryň ag­zy­bir­li­gine hem-de pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry gu­ra­mak­da sal­dam­ly go­şant go­şan­la­ra gow­şu­ryl­ýar.
Il­kin­ji ge­zek bu baý­ra­ga 1901-nji ýyl­da Hal­ka­ra Gy­zyl Haç ko­mi­te­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy An­ri Dýu­nan we Par­la­men­ta­ra bi­le­le­şi­gi­ni esas­lan­dy­ry­jy Fre­de­rik Pas­si dagy my­na­syp bol­dy. Baý­rak 1901-nji ýyl­dan bä­ri 99 ge­zek gow­şu­ry­lyp­dyr. Ol Bi­rin­ji we Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da gow­şu­ryl­man­dyr, ýö­ne pa­ra­hat­çy­lyk wag­tyn­da hem No­bel gaz­na­sy­nyň my­na­syp da­laş­gä­ri tap­man­ly­gy üçin bu baý­ra­gy gow­şur­mak­dan ýüz öw­ren ma­hal­la­ry bo­lup­dyr. No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy 104 ada­ma, 254 gu­ra­ma, şol san­da, Hal­ka­ra Gy­zyl Haç ko­mi­te­ti­ne üç ge­zek, şeý­le hem BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­na be­ril­di.
8-nji okt­ýabr­da 2018-nji ýyl üçin yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy mak­ro­yk­dy­sa­dy sel­je­riş bo­ýun­ça ge­çi­ren bar­lag­la­ry üçin ame­ri­kan yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­ri Wil­ýam Nord­hau­sa we Pol Ro­me­re gowşuryldy.
Alf­red No­be­liň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp dö­re­di­len yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça baý­rak 1969-njy ýyl­da Şwe­si­ýa ban­ky ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp, yk­dy­sa­dy ylym­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik üçin be­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, 1-nji okt­ýabr­da baş­lan No­bel hep­de­li­gi 8-nji okt­ýabr­da ta­mam­lan­dy. Däp bo­ýun­ça sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy Alf­red No­be­liň ara­dan çy­kan gü­ni 10-njy de­kabr­da Stok­golm­da (Şwe­si­ýa) we Os­lo­da (Nor­we­gi­ýa) ge­çi­ri­lýär. Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy Os­lo­da Nor­we­gi­ýa­nyň No­bel ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ta­ra­pyn­dan ýur­duň ko­ro­ly­nyň gat­naş­ma­gyn­da gow­şur­ylýar.