Dünýä awtoulag senagatynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Benzin we dizel bilen işleýän ulaglaryň ornuny kem-kemden elektrik energiýasy bilen hereket edýän awtoulaglar eýeläp başlaýar. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileri diňe bir täze modelleri hödürlemek bilen çäklenmän, batareýanyň kuwwaty, zarýad beriş tizligi, ulagyň geçip biljek aralygy we elýeterli bahasy boýunça hem özara bäsleşýärler. Bu ýagdaý elektrikli ulaglaryň dünýä bazaryndaky ornunyň barha artýandygyny görkezýär.
Halkara Arassa Ulag Geňeşiniň (ICCT) 27-nji oktýabrynda çap eden hasabatyna görä, ýylyň ilkinji alty aýynda dünýäde 9,4 milliondan gowrak elektroulag satyldy. Bu görkeziji ýeňil awtoulaglaryň umumy satuwynyň dörtden birine golaýyny düzýär. Şol döwürde Hytaýda täze ýeňil ulaglaryň satuwynyň 51 göterimi, Ýewropada 31 göterimi, ABŞ-da bolsa takmynan, 7 göterimi elektroulaglara degişli boldy. Şeýle-de Wýetnamda bu görkeziji 44 göterime ýetdi. Bu görkezijiler dürli sebitlerde elektroulaglara bolan islegiň deň derejede ösmeýändigini, emma olaryň dünýä awtoulag bazarynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Bu bäsdeşlikde Hytaýyň awtoulag öndürijileri has tapawutlanýarlar. BYD, “Geely” we beýleki kompaniýalar täze batareýa ulgamlaryny, has çalt zarýad beriş tehnologiýalaryny hem-de dürli bahadaky elektrikli ulag modellerini hödürleýärler. ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy diňe elektroulaglary we zarýad beriş ulgamlaryny öndürýän bolsa, Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy adaty ýangyçly ulaglar bilen bir hatarda elektroulag önümçiligini ösdürýär. Şeýlelikde, bäsdeşlik diňe bir awtoulag öndürijileriniň arasynda däl, eýsem dürli ýurtlaryň tehnologiýa we önümçilik mümkinçilikleriniň arasynda hem alnyp barylýar.
Soňky döwürde bu bäsdeşligiň iň gyzykly ugurlarynyň biri zarýad beriş tizligi boldy. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Hytaýyň “Geely” kompaniýasy emeli aň bilen dolandyrylýan täze çalt zarýad beriş tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Kompaniýanyň 24-nji sentýabrda çap eden resmi maglumatyna görä, täze ulgam bilen enjamlaşdyrylan “Lynk & Co 10” we “Zeekr 001” modelleriniň batareýalary synag wagtynda 10 göterimden 70 göterime çenli 4 minut 30 sekuntda, 97 göterime çenli bolsa 8 minut 40 sekuntda zarýadlandyryldy. Bu görkezijiler kompaniýanyň öz geçiren synaglarynyň netijeleri bolup, degişli güýçli zarýad beriş enjamlarynyň hem-de amatly şertleriň bolmagyny talap edýär.
Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy diňe bir zarýadyň tizliginde däl. “Geely” kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen batareýanyň temperaturasyna gözegçilik etmegi, zarýad beriş güýjüni şertlere görä sazlamagy we batareýanyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň maglumatlarynda täze ulgam üçin iň ýokary zarýad beriş kuwwatynyň 2,250 kilowata ýetýändigi hem bellenilýär.
Bu ugurda Hytaýyň ýene bir iri öndürijisi bolan BYD hem täze tehnologiýalary bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň yglan eden “Flash Charging” ulgamy batareýany 10 göterimden 97 göterime çenli takmynan, 9 minutda zarýadlandyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem BYD 2028-nji ýyla çenli 90 müň sany çalt zarýad beriş bekedini gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu başlangyç kompaniýanyň diňe awtoulag önümçiliginde däl, eýsem zarýad beriş infrastrukturasynyň ösdürilmeginde hem işjeň bolmaga çalyşýandygyny görkezýär.
Elektrikli ulaglaryň geljekki ösüşi barada hem dürli çaklamalar bar. “BloombergNEF”-iň 16-njy iýunda çap eden «Electric Vehicle Outlook 2026» hasabatynda şu ýylyň dowamynda dünýäde 23 milliondan gowrak ýolagçy elektroulagynyň satylmagyna garaşylýandygy aýdylýar. Bu 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarydyr. Hasabatda 2026-njy ýylda dünýäde satyljak täze awtoulaglaryň takmynan 27 göteriminiň elektrikli boljakdygy çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, bu sanlar eýýäm gazanylan netije däl-de, seljermelere esaslanýan çaklamalardyr.
Elektrikli ulaglaryň meşhurlygynyň artmagy bilen birlikde, çözülmeli meseleler hem az däl. Olaryň arasynda batareýalaryň önümçilik bahasy, zarýad beriş beketleriniň ýeterlik bolmagy, elektrik energiýasyna bolan isleg, batareýalaryň uzak möhletli ulanylyşy we gaýtadan işlenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Esasan hem, uzak aralyga gidýän ulaglar üçin zarýad beriş infrastrukturasynyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Sebäbi diňe çalt zarýadlanýan awtoulag öndürmek ýeterlik däl, onuň ulanyljak ýerinde degişli zarýad bekediniň hem bolmagy möhümdir.
Şeýlelikde, elektrikli ulaglaryň ösüşi diňe bir awtoulag senagatynyň üýtgemegi bilen çäklenmeýär. Ol energiýa, tehnologiýa, önümçilik we daşky gurşawy goramak ýaly birnäçe ugra täsir edýär. Häzirki wagtda kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşlik has çalt zarýadlanýan, has howpsuz, uzak aralyga hereket edýän we alyjylar üçin elýeterli ulaglary döretmäge gönükdirilendir. Bu bäsdeşligiň geljekde nähili netijeleri berjekdigini wagt görkezer, emma bir zat aýdyň – elektroulaglar dünýä awtoulag bazarynyň geljegini kesgitleýän möhüm ugurlaryň birine öwrülýär.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.