Fransuz ýüzüjisi Ben Lekomt dünýäde Ýuwaş ummanyny ýüzüp geçen ilkinji adam bolmagy meýilleşdirýär. 51 ýaşly türgen öz ýüzüşine 5-nji iýunda başlap, eýýäm, 1000 deňiz milini gulaçlap geçdi. Onuň ahyrky nokady San-Fransisko bolup, bu onuň geçmeli ýolunyň bäşden bir böleginden gowragyna deňdir. Ýüzüşiň esasy maksady Ýuwaş ummanynyň hapalanma derejesine ünsi çekmekden ybaratdyr.
– Meniň maksadym ýüzüp geçen millerimde gazanjak üstünligimde däldir. Meniň ýüzüşimiň maksady ummanyň plastik galyndylar bilen hapalanmagy bilen bagly ýüze çykýan meselelere jemgyýetiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Meniň bu synanyşygym adamlaryň tebigata bolan gatnaşygyny özgertmegine ýardam berer diýip umyt edýärin – diýip, türgen aýtdy.
Lekomt üçin bu eýýäm ikinji synanyşyk. Ol 1998-nji ýylda 73 günüň dowamynda Atlantik ummanyny ýüzüp geçipdi. Fransuz türgeni bu gezek alty aýdan gowrak wagtyň dowamynda günde 8 sagatlap ýüzmegi meýilleşdirýär. Türgen gijelerine özüne gözegçilik edýän toparyň gämisinde dynç alýar. Ekspedisiýanyň hünärmen agzalary özleriniň ýüzüşiniň dowamynda Ýuwaş ummanynyň durmuşyny we senagat zibilleri bilen hapalanmagynyň derejesini hem-de adatdan daşary agram düşen halatynda ýüzüjiniň ýüregine edýän täsirini öwrenerler.