Dubaý syýahatçylaryň sowan pullary boýunça dünýä lideri boldy – 2017-nji ýylda emirlige 15,8 million syýahatçy gelip, rekord derejede, 29,7 milliard dollar pul sowupdyrlar. Halkara töleg ulgamy “MasterCard Incorporated” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Dubaýyň her bir myhmany günde ortaça 537 dollar pul sowýan eken. Şunuň bilen birlikde, Parižiň myhmanlarynyň günde 301 dollar, Singapuryň syýahatçylarynyň bolsa, 286 dollar pul harçlaýandygy anyklandy. Dünýäniň has köp barylýan şäherleriniň biri Stambul iň az çykdajyly bolup, günde ortaça 108 dollar sowulýan eken. Dünýäniň beýleki has gelim-gidimli 10 şäheriniň syýahatçylary bolsa, her günde ortaça 200 dollar töweregi pul harçlaýan ekenler.
Dubaý syýahatçylaryň sany boýunça Bangkok, London we Pariž ýaly şäherlerden soňra, 4-nji orny eýeläp, Nýu-Ýork, Tokio we Stambul ýaly şäherlerden ozmagy başardy. Şeýle hem reýtingde 2009-njy ýyldan 2017-nji ýyllar aralygynda syýahatçylaryň sany boýunça 18,2 göterim bilen Abu-Dabi öňdeligi eýeläpdir.
Reýting dünýäniň 162 ýurduny öz içine alyp, diňe bir geçen ýylyň hasabatyny däl, eýsem, geljek ýylyň çaklamasyny hem mälim edýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, şu ýyl Dubaýyň myhmanlarynyň sany 5,5 göterim artyp, myhmanlaryň bu ýerde galmagynyň ortaça dowamlylygy 3,5 gije-gündizden ybarat bolupdyr.
25 million jahankeşde geler
Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşligi 2025-nji ýyla çenli 25 million syýahatçyny Birleşen Arap Emirligine syýahat etmäge mümkinçilik berýän “Dubai Tourism Strategy” taslamasyny işläp düzýär. Taslama laýyklykda, syýahatçylaryň sany 2022-nji ýyla çenli 21-23 milliona, 2025-nji ýyla çenli bolsa, 23-25 milliona çenli artar.
Birleşen Arap Emirliginiň wise-prezideni, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed Bin Raşid Al-Maktumyň bellemegine görä, Dubaý dünýäniň iň gelim-gidimli şäheri bolmagy niýet edinýär hem-de bu maksadyna ýetmek üçin düýäniň ähli ýerinden syýahatçylary çekmäge mümkinçilik berýän köp sanly taslamalary we başlangyçlary amala aşyrýar.
Taslamanyň çäklerinde “Diňe Dubaý üçin” atly syýahatçylyk bukjasy we “akylly” söwda maksatnamasy ýola goýlup, biznesiň we syýahatçylygyň ösýän merkezi hökmünde Dubaýyň özüne çekijiligini artdyrmaga gönükdirilen täze meýilnamalar işlenip düzülýär.