Şu ýyl Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Econo­mist In­tel­li­gence Unit” (EIU) to­pa­ry ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň amat­ly şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler dün­ýä­niň 140 şä­he­ri­ni öw­re­nip, ola­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­na, me­de­ni­ýe­ti­ne, daş­ky gur­şa­wy­na we inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na ba­ha ber­di­ler. EIU-nyň sa­na­wyn­da Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na 99,1 ball bi­len bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­dy. Awstraliýanyň Melb­run 98,4 ball bi­len ikin­ji, Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­ri üçün­ji, Ka­na­da­nyň Kal­ga­ri şä­he­ri dör­dün­ji we Sid­neý hem bä­şin­ji or­ny eýe­le­di.
Sa­na­wyň bi­rin­ji on­lu­gyn­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan We­na­dan baş­ga di­ňe Da­ni­ýa­nyň Ko­pen­ga­gen şä­he­ri (9-njy orun) bar. Lon­don we Nýu-Ýork bol­sa, top-40-a dü­şüp bil­me­di­ler. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Man­çes­ter şä­he­ri 35-nji or­ny, Lon­don 48-nji or­ny eýe­le­ýär. Nýu-Ýork ABŞ-nyň şä­her­le­ri­niň için­den 57-nji orun bi­len öňe saý­lan­dy. To­kio 6-njy, To­ron­to 7-nji, Že­ne­wa 14-nji, Ams­ter­dam 17-nji, Pa­riž 19-njy, Ber­lin 21-nji, Rim 55-nji, Mosk­wa 68-nji or­ny eýe­le­ýär. Bu­da­peşt 34-nji, Pra­ga 60-njy, Bra­tis­la­wa 64-nji, War­şa­wa 65-nji, Bu­ha­rest 82-nji orun­da dur­ýar.