Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Bu şatlykly waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň iri gazhimiýa desgasynyň toý bagyny kesip, Günorta Koreýanyň “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýalarynyň hem-de Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyran uly möçberli zawodyny ulanmaga berdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýygnanan binasyna baryp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Ýurdumyz ýerasty baýlyklarymyzy, şol sanda tebigy gazymyzy diňe dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemäge hem uly üns berýär. Tebigy baýlyklarymyzdan zerur we bäsleşige ukyply bolan, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gyýanly şäherçesinde gurlup, ulanmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy hem bu aýdylanlara ýene-de bir aýdyň mysaldyr, onuň düýbi 2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde tutuldy.
Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.
Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar.
Bir müňden hem gowrak adam işlejek täze kärhana üçin hünärmenler daşary ýurtlarda we özümizde taýýarlandy. Olaryň netijeli zähmet çekmegi, talabalaýyk dynç almagy üçin hem zawodda ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde naharhana, sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zal we meýdançalar bar.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan bu täze desga Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine ulanmak babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
DÖWREBAP DESGA
ÝOKARY SYLAGLAR
Açylyş dabarasynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen ýokary derejedäki tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşygyna ýokary baha berildi. Germaniýanyň Ýulius Kun adyndaky instituty tarapyndan polimer zawody ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edildi.
Türkmen karbamidi dünýä bazarynda
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine we pudagyň önümçilik kärhanalarynyň önümleriniň daşary ýurt bazaryna iberilmegine uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen täze zawodlar we önümçilik kärhanalary gurulýar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bir aý mundan ozal açylan “Garabogazkarbamid” zawodyny görkezmek bolar.
Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” hem-de Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň bilelikde guran bu zawodynyň önümçilik kuwwaty 1 million 155 müň tonna azot dökünine barabardyr. Ol oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýan we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň biridir.
Bu zawodda öndürilen ilkinji önümler ýük ulaglaryna ýüklenip, Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz menzili arkaly gämilere ýüklenip, daşary ýurtly alyjylara iberilip başlandy.
Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde ulanmaga berlen polimer zawodynyň açylyş dabarasynda uly monitorda “Garabogazkarbamid” zawodynda eksport üçin ugradylýan dökünleriň ýüklenilýän pursatlaryna syn edip, dökün önümleriniň dünýä bazaryna ugradylmagyna ak pata berdi.
Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu senagat kärhanasy Türkmenistany dünýä bazarlaryna mineral dökünleriň köp mukdaryny ugradýan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşdy.
Sagdyn daşky gurşaw gaznasy (“Environmental health trust” (ABŞ) Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny Hazar deňziniň ajaýyp tebigatyny goramak hem-de sebitiň ýaşaýjylary üçin amatly ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan nusga alarlyk hökmünde kabul edip, daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänama bilen sylaglady. Şweýsariýanyň Paul Şerrer ylmy-barlag instituty bolsa, sebit boýunça ähmiýetli desgany “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänama bilen tapawutlandyrdy. Dabarada ýokarda agzalan halkara jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri desganyň ýolbaşçysyna degişli güwänamalary we nyşanlary gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýokary hilli önümçiligi üpjün etmekde üstünlik gazanmagy, innowasion tehnologiýalary ulanmagy mynasybetli güwänamalaryň we sylaglaryň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary ýurdumyzyň ýokary halkara üstünlikleriniň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
GYÝANLYDAKY
POLIMER ZAWODY
Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar – “LG International Corp”, “Hýundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.
Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.
Onuň düzüminde 4 sany esasy tehnologik desgalar: gazy bölüji, etany gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän bölümler bar. Ähli tehnologik işler awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylýar.
Etan desgasy bir ýylda uglewodorod çig malynyň 685 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
Zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň – ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi. Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnovenetmS, tehnologiýasy ulanylýar. Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär. Lisenziýa “INEOS Technologies” (Beýik Britaniýa) – iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine “BP”, “ICI” ве “BASF” ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär. Umuman, bu Merkezi Aziýada “INEOS Technologies” korporasiýasyndan satyn alnan ilkinji InnovenetmS lisenziýasy bolup durýar.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasy 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite sylagyna eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär.
Külkelenen polipropilene dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, bu isleg soňky on ýylyň dowamynda yzygiderli ýokarlanýar, bu bolsa birnäçe sebäpler bilen baglydyr. Bu polimer örän ýeňil gaýtadan işlenilýär, özboluşly häsiýetlere – ýeňillik, mäkämlik, ýokary temperaturalara durnuklylyk ýaly häsiýetlere eýe bolup, innowasion tehnologiýalar netijesinde, ony ulanmagyň täze ugurlary peýda bolýar.
Häzir polipropilenden önümleriň dürli görnüşleri – gaplaýyş örtüginden we plastik gaplaryndan başlap, durmuşda ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň ýokary tehnologik şaýlaryna çenli öndürilýär.
Şu ýylyň tomsunda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwaty ýylda 21 müň tonna önüme deň bolan biaksial-ugurly polipropilen örtügini öndürýän zawodyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek.
BAG EKMEK ÇÄRESI
Açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi geçirildi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, güýzki bag ekmek möwsümini açdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýörite Karary Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täze tapgyr boldy. Şol resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylar. Olaryň 1,5 million düýbi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň arasyndaky meýdanda we şol möçberdäki saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň nahallary welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň we şäherleriniň töwereginde ekiler. Bu karary durmuşa geçirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Şu ýylyň ýaz paslynda ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda agaç nahallarynyň 445 müňden gowragy oturdyldy.