Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin 18-19-njy okt­ýabr­da Öz­be­gis­tan­da res­mi sa­parda bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Wla­di­mir Pu­tin we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, onuň bar­şyn­da ta­rap­lar rus-öz­bek gat­na­şyk­la­ryn­yň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ösü­şi, şol san­da, se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň baş­tu­tan­la­ry rus-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça il­kin­ji se­bi­ta­ra Fo­ru­my­na gat­naş­dy­lar. Onuň çäklerinde jemi bahasy 27 milliard dollara barabar 800-den gowrak ylalaşyga gol çekildi. Maslahata Russiýa tarapyndan müňden gowak wekil gatnaşdy. Taraplaryň arasynda söwda-ykdysady pudakda takmynan, 6,2 milliard dollarlyk 609 ylalaşyk baglaşyldy. Şeýle hem, maýa goýum pudagynda 20,8 milliard dollara deň bolan 202 ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem, taraplar 79 sany bilelikdäki kärhanany, 23 söwda öýüni we Özbegistanyň çäklerinde 20 sany lomaý söwda merkezini açmak hakynda ylalaşyk gazandylar.
Mundan başga-da, Pre­zi­dent­ler wi­deo-kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly Öz­be­gis­ta­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­jak Atom elekt­rik be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra gat­naş­dy­lar. Iki ýurduň arasynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda haryt dolanyşygy 20% artyp, degişli döwürde 4,178 milliard dollara ýetdi. Şonuň ýaly hem, Özbegistanyň Russiýa eksporty ýanwar-sentýabr aýlarynda 1,533 milliard dollara, importy artyp, 2,645 milliard dollara deň boldy.