Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň ýolbaşçylygyndaky Hristian-sosial bileleşigi, Hristian-demokratik bileleşiginiň esasy hyzmatdaşy bolup, Bawariýanyň parlament saýlawlarynda 37,2 % ses gazandy diýlip, ýerli saýlaw geňeşiniň saýtynda mälim edilýär. Ýöne Angela Merkeliň bileleşigi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iň baý sebiti – Bawariýada geçirilen ýerli saýlawlarda käbir şertlere görä, zerur bolan sesi gazanyp bilmänligi üçin 60 ýyldan soň, ilkinji gezek hökümet düzüp bilmeýär.
Saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, “Ýaşyl” partiýasy 17,5 % ses alyp, Bawariýanyň parlamentinde esasy güýç bolup durýar. Bu partiýa üçin uly üstünlik bolup, onuň goldawy gün-günden artýar. Ondan soňra, 11,6 % ses alan “Erkin saýlawçylar”, 10,2 % ses bilen sagçy “Germaniýa üçin alternatiw”, 9,7 % ses bilen Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy we 5,1 % ses alan Erkin demokratik partiýasy gelýär. Bawariýa parlamentine geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Hristian-sosial bileleşigi “Erkin saýlawçylar” partiýasy bilen bileleşik düzer. Bawariýa parlamentine geçirilen saýlawlara gatnaşyk 72,4%-e deň boldy.