Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uly go­şant goş­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ni gol­da­ýar. Dün­ýä­dä­ki je­mi içer­ki önü­miň 10%-i bu pu­da­gyň pa­ýy­na düş­ýär. Glo­bal söw­da­nyň 7%-i we iş orun­la­ry­nyň on­dan bi­ri bu pu­da­ga de­giş­li bo­lup dur­ýar.
BMG-niň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy (UNW­TO) 1979-njy ýyl­da Is­pa­ni­ýa­nyň Tor­re­mo­li­nos şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­hatyn­da her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry­ny “Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk gü­ni” di­ýip yg­lan edip­di. Şon­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň daş­ky gur­şaw, yk­dy­sa­dy­ýet, sy­ýa­sat we me­de­ni­ýet ba­bat­da äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy aý­ra­tyn nyg­tal­ýar. Hal­ka­ra gu­ra­ma­synyň 2030-njy ýy­la çen­li taý­ýar­la­nan “Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­syn­da” sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns gö­nük­di­ril­ýär. Şeý­le hem gu­ra­ma­da “Ka­da­ly iş we yk­dy­sa­dy ösüş”, “Oý­la­ny­şyk­ly sarp ediş we önüm­çi­lik” hem-de “Su­was­ty ýa­şa­ýyş” ýa­ly mak­sat­na­ma­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şe iter­gi ber­jek­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça ýaý­ra­dan mag­lu­mat­na­ma­syn­da ge­çen ýyl ja­han­keş­de­le­riň sa­ny ba­bat­da Ýew­ro­pa­ ýurtlarynyň 51% bi­len bi­rin­ji or­ny eýeländigi bel­le­nil­ýär. Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­rynyň 24%-i Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny ýurt­la­ry­nda, 16%-i Ame­ri­kada, 5%-i Af­ri­ka ýurt­la­ry­nda, 4%-i Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da bo­lup­dyr­. Mag­lu­mat­na­ma­da dün­ýä bo­ýun­ça 1 mil­liard 323 mil­li­on ja­han­keş­dä­niň da­şa­ry ýurt­la­ra sy­ýa­ha­ta gi­den­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär. Ýag­ny 671 mil­li­on adam Ýew­ro­pa, 324 mil­li­on adam Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bit­le­ri­ne, 207 mil­li­on adam Ame­ri­ka, 63 mil­li­on adam Af­ri­ka we 58 mil­li­on adam Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­na sy­ýa­hat edip­dir.
Ja­han­keş­de­le­riň 57%-i ho­wa ýol­la­ryn­dan, 37%-i ga­ra ýol­lar­dan, 4%-i de­ňiz ýol­la­ryn­dan we 2%-i de­mir ýol­la­ryn­dan peý­da­la­nyp­dyr. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň 55%-i güý­men­je, dynç alyş, 27%-i ýa­kyn­la­ry­na, dost-ýar­la­ry­na gör­me-gör­şe, sag­lyk we zy­ýa­rat mak­sat­ly, 13%-i iş müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin, 6%-i ge­ze­lenç mak­sa­dy bi­len beý­le­ki ýur­da gi­dip­dir.
Ja­han­keş­de­ler Hy­taý­da 258 mil­liard dol­lar pul harç­lap­dyr­lar. Bu ugur­da ikin­ji bo­lan ABŞ-a ba­ran myh­man­lar 135 mil­liard dol­lar so­wup­dyr. Sy­ýa­hat­çy­lar Ger­ma­ni­ýa­da 84, Ang­li­ýa­da 63, Fran­si­ýa­da 41 mil­liard dol­lar pul harç­lap­dyr­lar.