HSBC banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Expat Explorer”-iň her ýylda geçirýän pikir soraşmasynyň netijesinde, Singapur ýaşamak we işlemek üçin iň oňat ýurt hökmünde öňe saýlandy. Ýöne Singapur daşary ýurtdan gelip işleýänleriň girdejisi boýunça diňe bäşinji orny eýeledi. Ol ýerde daşary ýurtly hünärmenler üçin ortaça iş haky ýylda 162,2 müň dollara deň. Şweýsariýa hem daşary ýurtly hünärmenlere has köp töläp, ol ýylda 202 müň dollara deňdir. Onuň yzysüre ABŞ (185,1 müň dollar), Gonkong (178,7 müň dollar) we Hytaý (172,7 müň dollar) gelýär. Netijede, Singapur durmuş derejesi we girdejisi boýunça öňdäki orny eýeleýär. Ondan soňra, Täze Zelandiýa, Germaniýa we Kanada gelýär. Şweýsariýa reýtingde çagalary saklamak üçin edýän has ýokary çykdajylary sebäpli sekizinji orny eýeledi. Şunuň bilen birlikde, Şwesiýa gender deňligi boýunça birinji orny eýeledi. Täze Zelandiýa, Tailand we Ispaniýa uly tejribe toplamaga mümkinçilik berýär. HSBC-niň maglumatlaryna laýyklykda, olar daşary ýurtlarda işlän halatynda ýylda goşmaça 21 müň dollar köp iş hakyny alýan ekenler.