Iň­lis ýa­zy­jy ze­na­ny An­na Berns “Milk­man” (Süýt­çi) ro­ma­ny üçin 2018-nji ýy­lyň “Bu­ker” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Oňa ber­len baý­ra­gyň möç­be­ri 50 müň ýew­ro­dan (66 müň dol­lar) yba­rat bol­dy. Bu ba­ra­da 16-njy okt­ýabr­da Lon­don­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da mä­lim edil­di. “Süýt­çi” ro­ma­nyn­da­ky wa­ka­lar 1970-nji ýyl­lar­da De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da bo­lup ge­çip, on­da ýaş gy­zyň ba­şy­na dü­şen agyr kül­pet­ler ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bri­tan ýa­zy­jy­sy we fi­lo­so­fy Kwa­me En­to­ni Ap­pia­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky emin ag­za­la­ry Bern­siň ese­ri­ni fi­nal­çy­la­ryň gys­ga sa­na­wy­nyň ara­syn­dan saý­lap al­dy. Sa­naw­da al­ty eser bo­lup, ola­ryň üçü­si bri­tan ýa­zy­jy­sy­na, iki­si ame­ri­kan, ýe­ne-de bi­ri bol­sa, ka­na­da­ly ýa­zy­ja de­giş­li­dir. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da dört fi­nal­çy ze­nan, iki­si hem er­kek ki­şi bol­dy. Gys­ga sa­na­wa dü­şen­le­re 2,5 müň funt (3,3 müň dol­lar) pul baý­ra­gy be­ril­di.
Bu baý­rak 1969-njy ýyl­dan bäri iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan ede­bi eser­le­re be­ril­ýär. 2013-nji ýy­la çen­li bu baý­rak di­ňe Milletler Ar­ka­la­şy­gy ýurt­la­ry­nyň, şol san­da, ir­lan­di­ýa­ly ýa-da zim­bab­we­li aw­tor­la­ra be­ril­ýär­di. Soň­ra emin ag­za­la­ry düz­gü­ni üýt­ge­dip, ony eser­le­ri iň­lis di­lin­de ýa­zy­lyp, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ne­şir edi­len dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň aw­tor­la­ry­na hem be­rip baş­la­dy.