15-nji oktýabrda Müsüriň täze “Sfinks” halkara howa menzili synag maksady bilen işe girizildi. Bu barada Müsüriň raýat awiasiýasy ministri Ýunus Al Masri mälim etdi. Kairiň günbatarynda ýerleşýän täze howa menzili Beýik piramidalaryň zolagyndan we täze taryhy muzeýden 12 kilometr uzaklykda ýerleşip, syýahatçylara uly ýeňillik döreder.
Müsüriň täze aeroportunyň wezipesi Kairiň aeroportuna düşýän agramy ýeňilleşdirmekden ybarat bolup, umumy meýdany 25500 inedördül metre barabardyr.