Meksikanyň Ýuwaş umman kenarlaryndaky goralýan “Escobilla” plýažy ýene-de pyşdyllaryň mekanyna öwrüldi. Onlarça müň süýreniji çägede höwürtge gurmaga, ýumurtga taşlamaga we geljek üçin neslini galdyrmaga bu ýere gyssanýarlar. Kenar güýçlendirilen gorag astynda, bu möwsümde bu ynjyk deňiz pyşdyllaryny harbylaryň ýardamy bilen ekologik guramalar goraýar.
Plýažda arassalaýyş işleri hem guralan. Bu ýerde howpsuzlyk meselesi çözülse-de, bu süýrenijiler üçin taşlandylar esasy meseleleriň biri bolup durýar. Hünärmenler topary kyn ýagdaýda galyp kömege mätäç bolan jandarlaryň gözleginde bolup, kenarda barlag işlerini geçirýärler.
Pyşbagalar adamlaryň işjeň gatnaşmagynda umman kenaryna millionlarça ýumurtga taşlaýarlar. Elbetde, olaryň az sanlysy iki aýyň dowamynda ýumurtgasyndan çykyp, ummana özlerini atýarlar. Şol pursatlarda meksikan kenarlarynda olara adamlaryň kömegi gerek bolýar. Olaryň käbirine suwa ýetmäge kömek edýärler. Olaryň aglabasy her niçikde bolsa, suwa özlerini özbaşdak atmagy başarýarlar. Eger-de olara beýleki deňiz jandarlary tarapyndan howp abanmasa, ummandaky ýaşaýyşlaryny dowam etdirýärler.