Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäheri howa goýberilýän hapa gazlaryň öňüni almakda öňdebaryjylaryň biridir. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) tarapyndan habar berildi.
Zir-zibilleri ýyladyş üçin zerur bolan energiýa öwürmek, köçe-ýol hereketlerinde köpçülikleýin welosipedlerden peýdalanmak we beýleki öňüni alyş çäreleri Oslony howanyň üýtgemegine garşy göreşde birinjilige çykardy. Norwegiýanyň paýtagtyndaky elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň sany ilat sanyna görä, dünýäde iň köp ýeri hasaplanýar. ÝUNEP-iň maglumatlaryna görä, diňe has köp elektromobilleriň ulanylmaga başlanmagynyň özi howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini 35 göterim azaltmaga mümkinçilik berdi. 2020-nji ýyla çenli Oslonyň ähli jemgyýetçilik ulaglary hem elektrik togy bilen işleýän ulgama geçiriler.
Norwegiýanyň paýtagty bilen bir hatarda ýene-de 42 şäher ÝUNEP, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki hyzmatdaşlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän “Durmuşdan dem al” çäresine gatnaşýar. Bu başlangyç 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän hapa gazlaryň azalmagy üçin innowasion çözgütleriň işlenip düzülmegine gönükdirilendir.
Rozygül Gutlyýewa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrap şahamçasynyň müdiri.