ABŞ-nyň ra­ýat­la­ry Kong­re­siň ara­lyk saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Saý­law­lar 6-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­ler. Bu saý­law­lar Pre­zi­dent­lik we­zi­pe­si möh­le­ti­niň ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Mun­dan ozal­ky saý­law­la­ryň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri oňa gat­na­şy­gyň pes bo­lan­ly­gy­dyr. Ýö­ne ame­ri­kan bi­ler­men­le­ri bu saý­law­la­ra ses ber­mä­ge ýur­duň ra­ýat­la­ry­nyň is­le­gi­niň ju­da ýo­ka­ry­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär­ler.
ABŞ-nyň Kong­re­si iki pa­la­ta­dan — Se­nat we We­kil­ler pa­la­ta­syn­dan yba­rat. Se­nat­da – ýagny Kong­re­siň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­na 50 ame­ri­kan şta­ty­nyň her­sin­den iki adam­dan 100 se­na­tor saý­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ol 51 res­pub­li­ka­çy­lar­dan, 47 de­mok­rat­dan we iki ga­raş­syz kong­res­men­den yba­rat­dyr. Eger-de Se­nat haý­sy­dyr bir me­se­le­de ka­rar ka­bul edip bil­me­se, on­da ol ABŞ-nyň Wi­se-pre­zi­den­ti­niň (hä­zir­ki wagt­da Maýk Pens) ga­ra­ma­gy­na hö­dür­len­ýär.
“Fif­ty Thir­ty Eight” at­ly ame­ri­kan sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy saý­ty­nyň geçiren pikir soraşmasyna görä, res­pub­li­ka­çy­la­ryň Se­nat­da 79,7% bilen köp­lü­ge eýe bolup, ýeňiş gazanjakdygy çak edilýär.
Hä­zir­ki wagt­da Wekiller pa­la­tasy 235 res­pub­li­ka­çy­lar­dan, 193 de­mok­rat­dan we ýe­di wa­kant kür­sü­den yba­rat­dyr. Aşa­ky pa­la­ta hem Senat ýaly dür­li ştat­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat­dyr. Her şta­tyň öz ila­ty­na gö­rä we­kil­le­ri bol­ýar.
ABŞ-nyň “Pew Re­se­arch” sel­je­riş mer­ke­zi­niň bi­ler­men­le­ri res­pub­li­ka­çy­la­ryň öz bäs­deş­le­rin­den köp ba­bat­da öňe saý­lan­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Em­ma de­mok­rat­lar Kong­re­siň her iki pa­la­ta­syn­da köp­lü­ge eýe bol­sa­lar, on­da ola­ryň iş­le­ri­niň ile­ri­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Eger-de res­pub­li­ka­çy­lar öňe saý­lan­sa­lar, on­da de­mok­rat­lar tä­ze­den ýe­ňiş ga­zan­mak üçin 2020-nji ýy­lyň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na ga­raş­ma­ly bo­lar­lar.