23-nji oktýabrda Gonkongy, Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherini we Makaony birleşdirýän 55 kilometre uzap gidýän dünýäniň deňizdäki iň uzyn köprüsi Hytaýyň günortasynda resmi taýdan açylyp, ulanmaga berildi. Köpriniň açylyş dabarasyna HHR-iň başlygy Si Szinpin, Gonkongyň administrasiýasynyň başlygy Kerri Lam, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen, Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary Li Si we ýene-de 700 töweregi myhman gatnaşdy. Indi Gonkongdan Çžuhaýa çenli aralyk üç sagada derek, ýarym sagat wagt alar.
Gonkongy we Guandun welaýatyny köpri arkaly birikdirmek meýilnamasy 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda döräpdi, emma uzak ýyllaryň dowamynda diňe taslamalygyna galypdy. Köpriniň gurluşygyna 2009-njy ýylda başlanyldy. Hytaýyň häkimiýeti köpriniň gurluşygyna 20 milliard dollar sarp etdi. Köpri gurulýan wagty 400 müň tonnadan gowrak polat ulanylyp, ol 60 sany Eýfel diňini gurmaga ýetýär.
Ol 120 ýyl hyzmat etmäge niýetlenip, güýçli tupana we 8 bala çenli ýertitremä garşy durmaga ukyplydyr. 2030-njy ýyla çenli her gün köprüden 29 müň ulag serişdesiniň we 120 müň ýolagçynyň geçmegine garaşylýar.