Eme­li Aýyň uçu­ry­ly­şy Hytaýyň Si­çu­an we­la­ýa­ty­nyň “Si­çan” kos­mod­ro­myn­da 2020-nji ýy­la çen­li ama­la aşy­ry­lyp, hem­ra Çen­du şä­he­ri­niň süýr de­pe­sin­de ýer­leş­di­ri­ler. Eger-de il­kin­ji uçuş üs­tün­lik­li geç­se, on­da 2022-nji ýyl­da ýe­ne-de üç sa­ny şeý­le hem­ra or­bi­ta çy­ka­ry­lar. Eme­li Aýyň öz­bo­luş­ly ýag­ty­lyk ser­pik­di­ri­ji aý­na ör­tü­gi bo­lup, ol Gü­nüň ýag­ty­ly­gy­ny Ýe­re ber­mä­ge ukyp­ly­dyr. Aýyň ýag­ty­ly­gy­nyň hem üs­tü­ni dol­dur­jak bu hem­ra­nyň ýag­ty­ly­gy Aýyňky­dan 8 es­se ýag­ty bo­lar.
Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, eme­li hem­ra­nyň Ýe­riň ýü­zün­den 500 ki­lo­metr be­lent­lik­dä­ki or­bi­ta­da ýer­leş­di­ril­me­gi has aý­dyň ýag­ty­ly­gy al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Bil­şi­miz ýa­ly, Aý Ýer to­ga­la­gyn­dan 384 müň ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Hem­ra­nyň ser­pik­dir­jek ýag­ty­ly­gy­nyň ýi­ti­li­gi ada­ty kö­çe ýag­ty­ly­gyn­dan tak­my­nan, bäş es­se az­dyr. Eme­li hem­ra­nyň aý­na­sy­nyň ser­pik­dir­ýän ýag­ty­lyk şöh­le­le­ri­niň düş­ýän ýe­ri­ni we ýi­ti­li­gi­ni ze­rur ha­la­tyn­da do­ly üýt­ge­dip hem bolar. Em­ma eme­li Aýyň ýag­ty­ly­gy ga­ma­şyk ho­wa­da ha­ýal­lyk bi­len Ýe­re ara­la­şar.
Eme­li Aý elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­lap, şä­herdäki kö­çe­le­riň ýag­ty­ly­gy­ny üp­jün eder. Mun­dan baş­ga-da, eme­li hem­ra elekt­rik aky­my ke­si­len ha­la­tyn­da ýa-da bet­bagt­çy­lyk zo­lak­la­ryn­da göz­leg-ha­las ediş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de çyn­la­kaý ýar­dam be­rer.