Soňky wagtlar syýahatçylar ýekelikde dynç almagy has-da ileri tutýarlar. “Flash Pack” kompaniýasy dört müň sargydyň seljerişleri esasynda özbaşdak syýahatçylaryň saýlap alýan meşhur ýurtlarynyň reýtingini düzdi. Şu ýyl 30-40 ýaş aralygyndaky ýeke özi syýahata gidýän jahankeşdeleriň iň meşhur ugry Şri-lanka bolup, bu ýerde syýahatçylaryň Günüň batyp barýan çagy Sigiriýa uçudynda gezelenç etmegi hem-de Polonnaruwa ybadathanasynda welosipedli gezim etmegi halaýandyklary anyklandy.
Reýtingiň ikinji ornuny Peru eýeledi. Reňkli daglaryň depesine çykmak we Amazonkadaky ýelkenli gaýyk sporty syýahatçylaryň uly isleginden peýdalandy. Şeýle hem, ýeke gidýän syýahatçylaryň meşhur ugurlarynyň reýtingine Bali, Ýaponiýa, Tanzaniýa, Horwatiýa, Günorta Afrika Respublikasy we Finlýandiýa ýaly ýurtlar girdi.