Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum arap dünýäsinde iň uly elektron okuwyň mugt platformasynyň ýola goýlandygyny mälim etdi. Ol “Muhammed Bin Raşid Al-Maktumyň global başlangyjy” gaznasynyň özboluşly taslamasy bolup, dünýädäki arap okuwçylarynyň 50 milliondan gowragyna ene dilindäki okuw gollanmalaryny hödürleýär. Platforma çagalar bagynyň körpelerinden başlap, mekdebiň ähli synp okuwçylaryna dürli dersler boýunça 5 müň sany bilim wideoroligini hödürleýär.
Şeýle başlangyjyň ýola goýlandygyny mälim eden Muhammed Bin Raşid Al-Maktum sebitde iň gowy geljegi gurmagyň mekdepden başlanýandygyny, elektron sapaklaryň bolsa, arap dünýäsiniň dürli ýurtlarynyň bilim ulgamynyň arasyndaky üzňeligini ýeňip geçjekdigini belläp geçdi. Her bir arap çagasyna ýokary derejede bilim bermäge tagalla edilýändigini tassyklaýan Dubaý Emirliginiň häkimi, bu tehnologiýanyň millionlarça arap nesillerine ylmy derejesini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri açýandygyny mälim etdi.