Şwesiýa öýjükli töleg ulgamy boýunça dünýä lideridir. Häzirki wagtda bütin dünýäde nagt tölegleriň mukdarynyň peselmegi dowam edip, Şwesiýa bu görkeziji babatda beýleki ýurtlaryň ählisinden öňdeligi eýeleýär. Şeýle maglumatlar müdirlik we maglumat tehnologiýasy boýunça dünýäniň iň iri konsalting kompaniýalarynyň biri “Capgemini” tarapyndan taýýarlanan “Bütindünýä töleg balansy” atly ýyllyk hasabatynda beýan edilýär.
Täze maglumatlara görä, şu ýyl Şwesiýa ilkinji gezek nagt däl tölegleriň mukdary boýunça ABŞ-dan hem öňe geçdi. 2016-njy ýylda her şwesiýalynyň ortaça 462,5 öýjükli tranzaksiýalary amala aşyrmagy, eýýäm bir ýylyň içinde şeýle amallaryň 13% artandygyny aňladýar. Şol birwagtyň özünde bu görkeziji boýunça ozal birinji orny eýelän ABŞ-da şol döwürde tranzaksiýanyň mukdary 5,2% artan eken.
Hasabata laýyklykda, Şwesiýa ABŞ-dan tapawutlylykda, nagt däl jemgyýetiň geljegi üçin birnäçe başlangyçlary durmuşa ornaşdyrdy. Mysal üçin, 6,33 million şwesiýaly mobil enjamynyň ýardamy bilen puly elektron usulda geçirmäge niýetlenen “Swish” töleg ulgamy ulanylýar. “Swish”-den başga-da, “Bankgiro” we “BankID” ýaly mobil töleg ulgamalary hem uly meşhurlyga eýedir. “Capgemini” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, heniz dünýäde bu usulyň üstünlikli ornaşdyrylan ýurdy juda az.
Şeýlelikde, Şwesiýa we ABŞ “Bütindünýä töleg balansynyň” hasabatynda ilkinji iki orny eýeläp, onuň yz ýanyndan Günorta Koreýa, Finlýandiýa we Awstraliýa gelýär. Hasabata laýyklykda, geljekde Günorta Koreýadyr Awstraliýa hem öýjükli tölegleriniň mukdary boýunça Birleşen Ştatlaryň yzyndan ýeter diýlip çaklanylýar. Ýöne bilermenler Şwesiýanyň ýene-de 3 ýyllap öz liderligini saklajakdygyna berk ynanýarlar.