Gre­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gü­nor­ta­syn­da­ky Hal­ki­di­ki ýa­rym ada­syn­da de­ňiz taý­ça­nak­la­ry­ny go­ra­mak we kö­pelt­mek mak­sa­dy bi­len gur­lan eme­li go­rag­ha­na hem şu gün­ki gün­de oňat ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. In­di üç ýyl bä­ri us­sat guw­was, geo­fi­zik Wa­si­lis Men­to­gi­an­nis ýi­tip ýok bo­lup git­mek how­pu­na uç­ran bu jan­dar­la­ry kö­pelt­mek mak­sa­dy bi­len ta­gal­la ba­ry­ny ed­ýär. 2015-nji ýyl­da Men­to­gi­an­nis öz kär­deş­le­ri bi­len ýö­ri­te ni­ýet­le­nen tor­la­ry ula­nyp, Ýew­ro­pa­da il­kin­ji su­was­ty eme­li go­rag­ha­na­ny dö­ret­di. Şon­dan soň de­ňiz taý­ça­nak­la­ry­nyň sa­ny has-da art­dy, ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, hü­när­men ga­za­ny­lan ne­ti­je bi­len ka­na­gat­lan­ma­ýan­dy­gy­ny öňe sür­ýär.
In­di köp wagt­dan bä­ri Men­to­gi­an­ni­siň to­pa­ry we köp san­ly alym­lar bu ýer­de yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. Guw­was, alym Kos­tas Ka­siu­lis bu su­was­ty go­rag­ha­na bi­len uzak wagt­lap gy­zyk­la­nyp gel­ýär.
Mu­nuň şeý­le bir öz­bo­luş­ly bio­lo­gik ha­dy­sa bo­lup, ol ýer­de de­ňiz taý­ça­nak­la­ry bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan­la­ryň yl­myň ha­ky­ky muş­dak­la­ry­na öw­rül­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýän Ka­siu­lis hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy­ny su­wa yzy­gi­der­li çüm­män göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.