Ge­çen asy­ryň 20-nji ýyl­la­ryn­da ösüş ýo­lu­na dü­şen türk­men şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty türk­men su­rat­keş­le­ri ta­ra­pyn­dan kä­mil­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­di. Ta­ry­hy, dur­mu­şy we zäh­met te­ma­la­ryn­da dö­re­di­len eser­ler şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­my­zyň baý­laş­ma­gyn­da uly or­ny eýe­le­di. Esa­sa­nam, bu dö­wür­de zäh­met çe­ken Bä­şim Nu­ra­ly, Ýu­li­ýa Da­neş­war, Ge­na­diý Bru­sen­sow, Ýa­kup An­na­nu­row, Yz­zat Gy­ly­jow ýa­ly us­sat su­rat­keş­le­riň ir­gin­siz zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly su­rat eser­le­ri dö­re­di­ldi. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­dan soň­ky ýyl­lar­da nak­gaş­çy­lyk­da asu­da oba dur­mu­şy­ny, zäh­met­keş adam­la­ry, gün­de­lik dur­muş­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ry şe­kil­len­dir­mek ýör­gün­li bo­lup­dyr. Ge­çen asy­ryň 40-50-nji ýyl­la­ryn­da türk­men nak­gaş­çy­lyk sun­ga­tyn­da ön­jeý­li iş­län su­rat­keş Bä­şim Nu­ra­ly hem türk­men dur­mu­şy­nyň us­sat wasp­çy­sy bo­lup­dyr. Ol öz eser­le­rin­de ço­pan go­şu­ny, türk­men halk aý­dym­la­ry­ny hö­wes bi­len diň­le­ýän ada­ty adam­la­ry ýa-da bol­ma­sa, pi­le ýyg­mak ýa-da üzüm ýyg­mak bi­len meş­gul­lan­ýan zäh­met­sö­ýer adam­la­ryň köp­çü­li­gi­ni şe­kil­len­dir­ýär. Bä­şim Nu­ra­ly­nyň eser­le­ri­niň ag­la­ba bö­le­gi onuň dö­re­di­ji­lik hy­ýa­ly­nyň, daş-tö­we­rek­den alan tä­sir­le­ri­niň mi­we­si­dir. Onuň dö­re­den eser­le­rin­de türk­men säh­ra­sy­nyň we on­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň dur­mu­şy ba­ra­da us­sat­lyk bi­len yzy­gi­der­li be­ýan edil­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, Bä­şim Nu­ra­ly­nyň eser­le­ri, onuň su­rat çek­mek usu­ly hiç bir ese­re meň­ze­me­ýän öz­bo­luş­ly­ga eýe­dir. Ol eser­le­ri­ni gün­de­lik dur­muş­da bo­lup geç­ýän wa­ka­lar bi­len be­ýan edip, jan­ly we ru­hu­be­lent su­rat­lan­dyr­ýar. Bu öz­bo­luş­ly­lyk onuň 1949-njy ýyl­da dö­re­den “Pi­le ýy­gy­my” at­ly ese­rin­de ýü­ze çyk­ýar. Bu eser şa­hy­ra­na we çe­per­çi­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, su­rat­ke­şiň dö­re­di­ji­li­gin­de uly or­ny eýe­le­ýär. Bu eser­de oba dur­mu­şyn­dan söhbet açylýar. Eser­de baý reňk öwüş­gi­ni ula­nyl­ýar. Şeý­le ýo­ka­ry pi­kir­le­ri özün­de jem­le­ýän eser türk­men nak­gaş­çy­lyk sun­ga­tyn­da gaý­ta­lan­ma­jak eser ha­sap­la­nyl­ýar.
Bä­şim Nu­ra­ly özü­niň ma­ny­ly öm­rü­ni Wa­ta­nyň gül­läp ösü­şi­ni su­rat­lan­dyr­ma­ga ba­gyş­la­ýar. Ze­hin­li su­rat­ke­şiň dö­re­den eser­le­rin­de dur­mu­şyň oý­lan­ma­la­ry­ny we çuň çe­per keş­bi­ni gör­mek bol­ýar. Ha­ly­pa su­rat­keş ýurdumyzyň te­bi­ga­ty­dyr haý­wa­nat dün­ýä­si­ni nak­gaş­çy­lyk ese­ri­ne ge­çir­ýär. Ola­ryň her bi­ri söý­gä hem mäh­re ýug­ru­lan­dyr. Onuň eser­le­ri­ne ha­ky­ky­lyk, adam­kär­çi­lik öz­bo­luş­ly­lyk mah­sus. Ol özü­niň dö­re­den eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni iň­ňän mö­hüm ta­ry­hy wa­ka­la­ra – öz gö­zi bi­len gö­ren wa­ka­la­ry­na ba­gyş­la­ýar. Bu ýag­daý su­rat­ke­şiň us­sat­ly­gy­nyň ala­ma­ty­dyr. Il­kin­ji türk­men su­rat­ke­şi Bä­şim Nu­ra­ly­nyň dö­re­den her bir ese­ri ýaş nes­li sun­gat ug­run­da ter­bi­ýe­le­mek­de uly gym­mat­lyk bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da türk­men nak­gaş­çy­lyk äle­min­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa, mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Annajahan SAPARGELDIÝEWA,
Türk­menistanyň döw­let çeperçilik akademiýasynyň ta­ly­by.