28-nji oktýabrda Braziliýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda býulletenleriň 94,44%-i sanalandan soňra, ultrasagçy Žair Bolsonaronyň ýeňiş gazanandygy mälim edildi. Merkezi saýlaw geňeşiniň maglumatlaryna görä, Bolsonaro sesleriň 55,54%-ini almagy başardy.
Onuň bäsdeşi çepçi partiýadan dalaşgär Fernandu Addad bolsa, sesleriň 44,46%-ine eýe boldy. Braziliýanyň täze Prezidenti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda dört ýyllyk möhlet bilen öz wezipesine girişer.
– Men hemmelere beren sesi we bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirýärin. Biziň wezipämiz ýurduň ykbalyny gowy tarapa özgertmekden ybaratdyr – diýip, Žair Bolsonaro Rio-de-Žaneýroda tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Prezident kampaniýasy döwründe eden ähli wadalarynyň berjaý ediljekdigini mälim etdi.
Braziliýanyň häzirki Prezidenti Mişel Temer Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen Bolsonarony gutlady.