Gru­zi­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si ze­rur bo­lan 50% se­si alyp bil­me­di. Şo­ňa gö­rä-de, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law ge­ňe­şi saý­law­çy­la­ryň 100 gö­te­rim ses­le­ri­ni sa­nan­dan soň­ra mä­lim et­di.
“Gru­zin ar­zu­wy” par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýan ga­raş­syz da­laş­gär Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li ses­le­riň 38,66%-ine, “Ýe­ke-täk mil­li he­re­ket” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Gri­gol Wa­şad­ze bol­sa, ses­le­riň 37,7%-ine eýe bol­dy. Olar in­di saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­na gat­na­şar­lar. “Ýew­ro­pa Gru­zi­ýa­sy” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Da­wid Bak­rad­ze 10,97%, “Leý­bo­rist” par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Şal­wa Na­te­laş­wi­li bol­sa, 3,76% ses al­ma­gy ba­şar­dy.
Saý­law­da do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa “Gru­zin ar­zu­wy” ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nyl­ýan ga­raş­syz da­laş­gär Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li li­der­lik ed­ýär. Ol ses­le­riň 38,66%-ine eýe bo­lup, öň­de bar­ýar. Onuň ýa­kyn bäs­deş­le­rin­den gar­şy­daş da­laş­gär Gri­gol Wa­şad­ze ses­le­riň bir gö­te­ri­mi bi­len on­dan yz­da bar­ýar. Bi­ler­men­ler Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­liniň res­pub­li­ka­nyň ýol­baş­çy­sy bol­mak müm­kin­çi­li­gi­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny çak ed­ýär­ler. 1952-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da dog­lan, bir­nä­çe ýyl­lap Fran­si­ýa­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky, şol san­da Gru­zi­ýa­da­ky il­çi­si bo­lup iş­län Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li saý­law­la­ra ga­raş­syz da­laş­gär hök­mün­de gat­naş­dy. Ol 2004-nji ýyl­da Gru­zi­ýa­nyň ra­ýat­ly­gy­ny al­dy we Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Onuň esa­sy bäs­de­şi “Ýe­ke-täk mil­li he­re­ket” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Gri­gol Wa­şad­ze­dir. Ol ozal­ky So­ýu­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de iş­le­di, soň­ra Gru­zi­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­ne ýol­baş­çy­lyk et­di.