28-nji oktýabrda Irlandiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda sosial-demokratik Leýborist partiýasynyň agzasy Maýkl Deniel Higgins ählumumy ses berlişigiň netijeleri boýunça saýlawçylaryň 56% sesi bilen, ikinji möhlete täzeden saýlandy.
Ikinji orna işewür Piter Keýsi (23,1%), üçünji orna Şon Gallaher (6,4%), dördünji orna “Şinn feýn” partiýasynyň wekili, bäşinji orna Ýewroparlamentiň agzasy Liad Ni Riada (6,3%), altynjy orna jemgyýetçilik işgäri Joan Friman (6%) we işewür Gewina Deffi (2,2%) dagylar mynasyp boldy.
Maýkl Higgins 2011-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan 9-njy Prezident bolup, ýene-de 7 ýyl möhlet bilen bu wezipä täzeden saýlandy. Saýlawlara gatnaşyk 43% boldy.