Efiopiýanyň Parlamenti ilkinji gezek ýurduň Prezidentligine zenan saýlady. Şeýlelikde, ýurtda giňden tanalýan diplomat Sahle-Work Zewde ýurduň ilkinji zenan ýolbaşçysy boldy. Bu barada Prezident diwanynyň başlygy, Premýer-ministr Fitsum Arega habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, parlamentiň her iki palatasy Sahle-Work Zewdäni gündogar Afrika döwletiniň Prezidentligine saýlady.
– Bu taryhy wakadyr. Ol häzirki zaman Efiopiýasyna ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenandyr – diýip, Arega aýtdy.
Mundan ozal, Sahle-Work Zewde BMG-niň baş sekretarynyň diwanynda, şeýle hem Afrikan bileleşigi boýunça guramanyň ýolbaşçysynyň ýörite wekili bolup işledi. Golaýda Efiopiýanyň parlamenti 2013-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýän Mulatu Teşomeniň işden çykýanlygy baradaky haýyşyny makullady. Efiopiýanyň Esasy Kanunynda Prezident parlament tarapyndan alty ýyl möhlet bilen saýlanyp, wezipesini iki möhletden köp ýerine ýetirip bilmeýänligi bellenýär.