Wýetnamyň Parlamenti Merkezi komitetiň dolandyryjy Kommunistik partiýasynyň baş sekretary Nguýen Fu Çongy ýurduň täze Prezidentligine saýlady. Onuň dalaşgärligine Respublikanyň Esasy Kanunyna laýyklykda, häkimiýetiň iň ýokary organy bolan Parlamentiň deputatlary ses berdiler. 21-nji sentýabrda Prezident Çan Daý Kuangyň aradan çykmagy zerarly Döwlet baştutanynyň wezipesi boş galypdy. Çan Daý Kuang 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli bu wezipä saýlanypdy.
Täze saýlanan 74 ýaşly Prezident Nguýen Fu Çong ýurduň Kommunistik partiýasyna 2011-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol Hanoý milli uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlap, ol ýerde rus dili we edebiýatyny öwrenýär. Ol 1981-83-nji ýyllarda Moskwanyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynda okap, Syýasy ylymlaryň doktory diýen ylmy derejä eýe bolýar. Nguýen Fu Çong Wýetnamyň häzirki zaman taryhynda şol bir wagtyň özünde ýokary partiýa ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Prezident boldy. Ýurduň ilkinji Prezidenti Ho Şi Min (1890-1969) hem partiýanyň baş sekretary hem-de ýurduň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiripdi.