29-njy okt­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­nyň mer­ke­zi bö­le­gin­dä­ki çäk­ler — Ges­sen­de ge­çi­ri­len ýerli saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri GFR-iň kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şik­le­ri­niň peý­da­sy­na çö­zül­me­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hris­ti­an-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi pes gör­ke­zi­ji — 28% ses al­dy. Bu bäş ýyl mun­dan ozal­ka ga­ra­nyň­da, 10 gö­te­rim az­dyr. “Ýa­şyl­lar” de­giş­li­lik­de, saý­law­çy­la­ryň 20% se­si­ne eýe bol­dy. Bu ge­çen saý­law­la­ra ga­ra­nyň­da, iki es­se köp­dür. Häzir bu par­ti­ýa­nyň ab­ra­ýy Ger­ma­ni­ýa­nyň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly art­ýar. So­si­al-de­mok­rat­lar 20% tö­we­re­gi ses al­sa­lar-da, Hris­ti­an-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi ýa­ly zy­ýan çek­ýär­ler. Hä­zir­ki gün­le­re çen­li Ges­sen­de Hris­ti­an-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi “Ýa­şyl­lar” bi­len bi­le­lik­de do­lan­dy­ryl­ýar­dy. Em­ma Hris­ti­an-de­mok­rat­la­ryň ýit­gi­si ze­rar­ly bu iki par­ti­ýa hö­kü­met düz­mek üçin ze­rur bo­lan land­tag­da­ky kür­sü­le­riň kö­pü­si­ni al­mak­dan mah­rum bo­lup bi­ler.
Şeý­le hem, 14-nji okt­ýabr­da Ba­wa­ri­ýa­nyň ýer­li Par­la­ment saý­law­la­ry ýur­dy do­lan­dyr­ýan Hris­ti­an-de­mok­ra­tik, Hris­ti­an-so­si­al we So­si­al-de­mok­ra­tik bi­le­le­şik­le­ri­niň par­ti­ýa­la­ry­nyň gör­ne­tin gow­şan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy.

Angela Mer­kel
kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar
Ger­ma­ni­ýa­nyň kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Hris­ti­an-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­dan ýüz öw­rüp, hä­zir­ki yg­ty­ýar­ly­gy­nyň möh­le­ti ta­mam­la­nan­dan soň­ra hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den git­me­gi ýü­re­gi­ne düw­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň kans­ler­li­gin­de dör­dün­ji möh­let­de iş­le­ýän Mer­kel bu yg­ty­ýar­ly­gy­nyň ahyr­ky­sy bol­jak­dy­gy­ny we in­di Bun­des­ta­gyň saý­law­la­ry­na gat­naş­ma­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem ol de­kabr aýyn­da öz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän par­ti­ýa­sy­nyň li­der­li­gi­ne ge­çi­ril­jek saý­law­lar­da öz da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­me­jek­di­gi­ni egin­deş­le­ri­ne ha­bar ber­di. Mer­kel özü­niň bu çöz­gü­di­ni Ger­ma­ni­ýa­ny do­lan­dyr­ýan bi­le­le­şik­le­riň Ba­wa­ri­ýa­da we Ges­sen­de ge­çi­ri­len ýer­li saý­law­la­ryn­da­ky şow­suz­ly­gy hem-de mu­ňa do­ly jo­gap­kär­çi­lik duý­ýan­ly­gy bi­len dü­şün­dir­di.
Çün­ki ol ýer­ler­de Hris­ti­an-de­mok­ra­tik we So­si­al-de­mok­rat­lar saý­law­çy­la­ryň ýar­da­my­nyň ep-es­li pa­ýy­ny ýi­tir­di. An­ge­la Mer­kel eý­ýäm 18 ýyl bä­ri Hris­ti­an-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi­ne ýol­baş­çy­lyk edip, 2005-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­dan bä­ri hem hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär. Fe­de­ral hö­kü­me­tiň baş­ly­gy­nyň no­bat­da­ky saý­law­la­ry 2022-nji ýyl­da ge­çi­ri­ler. Ýö­ne onuň kans­le­riň we­zi­pe­si­ni 2021-nji ýy­la çen­li ber­jaý et­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.