Is­pa­ni­ýa­da 2040-njy ýy­la çen­li öm­rüň do­wam­ly­ly­gy beý­le­ki ýurt­la­ra ga­ra­nyň­da, has ýo­ka­ry bo­lar diý­lip, ABŞ-nyň Waşington uniwersitetiniň ylmy-barlag instituty – “Ins­ti­tu­te for Health Met­rics and Evalua­ti­on”-yň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Be­ýa­nat­da is­pan­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň 85,8 ýy­la deň bol­jak­dy­gy öňe sü­rül­ýär. Alym­lar is­pan­la­ryň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň se­bä­bi­ni Or­ta­ýer deň­zi ber­hi­zi­ni sak­lap, ba­lyk önüm­le­ri­ni we mi­we iý­ýän­dik­le­ri hem-de et we ýu­murt­ga iý­mek­den sak­lan­ýan­dyk­la­ry bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Ge­çen ýyl reý­ting­de bi­rin­ji or­na eýe bo­lan Ýa­po­ni­ýa, in­di 85,7 ýyl gör­ke­zi­ji­si bi­len ikin­ji or­na düş­di. Üçün­ji or­na Sin­ga­pur, dör­dün­ji or­na Şweý­sa­ri­ýa, bä­şin­ji or­na Ita­li­ýa eýe bol­dy. Onuň yz ýa­nyn­dan hem Ys­ra­ýyl, Fran­si­ýa, Lýuk­sem­burg we Awst­ra­li­ýa ýa­ly ýurt­lar gel­ýär. Mun­dan ozal, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ila­ty se­miz­lik­den ejir çek­ýän ýurt­la­ryň sa­na­wy­ny dü­züp­di. Şon­da şeý­le me­se­le bi­len Tür­ki­ýä­niň 32,1% ila­ty­nyň ýüz­be-ýüz bo­lan­dy­gy bel­li bol­dy. Ikin­ji or­na Mal­ta (28,9%), üçün­ji or­na bol­sa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa (27,8%) düş­di.