28-nji oktýabrda Ýewropada gyşky wagta geçilip, sagadyň dilleri bir sagat yza süýşürildi. Ýöne käbir Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary muny iň soňky sapar berjaý edýärler. Sentýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi möwsümleýin wagt çalşygyndan ýüz öwürdi we indiki ýylyň aprel aýyndan başlap, bileleşigiň her bir ýurduna bu meseläni özleriniň çözmegi üçin ygtyýar berildi.
– Sagadyň dilleriniň süýşürilmegi täzelik däl. Bu ýagdaýyň kömri tygşytlamak üçin Birinji jahan urşy ýyllarynda başlandygyny biz taryhdan bilýäris. Soňra, 1976-njy ýylda nebit ýetmezçiligi sebäpli şeýle ýagdaý bolupdy. Taryhy çeşmelere görä, bu ideýany 1784-nji ýylda Benjamin Franklin şemleri tygşytlamak üçin hödürläpdi – diýip, “Kronos 360” kompaniýasynyň başlygy Paskal Pol aýdýar.
Ýöne wagtyň geçmegi bilen sagadyň dilleriniň süýşürilmeginden gelýän peýda dura-bara azalýar. Häzirki wagtda elektrik energiýasy geregiçe sarp edilip, garaňky gatlyşmagy bilen ynsanyň işjeň hereketi kesilmeýär. Şeýle hem lukmançylyk barlaglary şeýle özgerişlikleriň adamyň biologik depginini garjaşdyryp biljekdigini öňe sürýär.