Stambulda dünýäniň iň iri aeroportlary bilen bäsleşip biljek täze howa menziliniň birinji tapgyry işe girizildi. Taslamanyň ähli tapgyry amala aşyrylandan soňra, aeroport dünýäniň iň uly howa menzili bolar diýlip garaşylýar. Ilkinji nobatda, diňe içerki gatnawlar üçin peýdalanyljak aeroportda goňşy ýurtlara hem gatnawlar ýola goýuldy. Maglumatlara görä, aeroport ýakyn ýyllarda birnäçe million ýolagça hyzmat edip, ol ABŞ-nyň Halkara aeroporty Harts fild-Jekson Atlanta bilen bäsleşer.
Şu mahala çenli Atatürk adyndaky aeroport Türkiýedäki iň uly aeroport hasaplanýardy. 2028-nji ýylda täze aeroport doly işe girizilende, söwda maksatly gatnawlaryny bes eder. Atatürk adyndaky aeroport geçen ýyl 64 million ýolagça hyzmat edipdi. Täze aeroport şäheriň merkezinden 35 kilometr uzaklykda, Gara deňziň kenarynda ýerleşýär. Aeroportuň interýeri türk binagärlik ýörelgelerine laýyklykda berjaý edilendir. Toplumyň merkezinde çigildeme meňzeş uçar dolandyryş diňi bar. Maglumatlara görä, täze howa menziliniň bahasy 11,7 milliard ýewro, umumy meýdany 1,4 million inedördül metre deň bolup, 6 uçuş-gonuş zolagyna we 500 uçar duralgasyna eýe bolar. Ol dünýäniň 350-den gowrak ugra uçjak 250 awiakompaniýasynyň uçarlaryny kabul eder. Aeroport ýakyn ýyllarda doly ulanmaga berler.