Go­laý­da Sin­ga­pu­ryň awia­kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň uzak ara­ly­gy­na gat­na­wy­ny ama­la aşyr­dy. Sin­ga­pur bi­len Nýu-Ýor­kuň ara­syn­da­ky 16 müň 700 ki­lo­metr­lik men­zil 17 sa­gat 25 mi­nut­da ge­çil­di. 161 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen uçar­da ýo­lag­çy­la­ryň köp sa­gat­lyk uçu­şy ama­la aşyr­ma­gy üçin äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­di. Eý­sem, iň gys­ga ara­ly­ga uçuş ni­re­de­kä? “Mar­ket­Watch” şe­re­ke­ti­niň hü­när­men­le­ri bu so­wa­lyň jo­ga­by­ny göz­läp­dir­ler. Gör­lüp otu­ryl­sa, söw­da mak­sat­ly iň gys­ga uçuş Şot­lan­di­ýa­nyň West­raý hem-de Pa­pa West­raý ada­la­ry­nyň ara­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan eken. Bu uçuş­lar ada­la­ryň ara­syn­da gat­na­wy ama­la aşyr­ýan ýer­li “Lo­ga­na­ir” ta­ra­pyn­dan ýerine ýetirilýär. 2,8 ki­lo­metr­lik ara­lyk ba­ry-ýo­gy 2 mi­nut­da ge­çil­ýän eken. Bu ara­lyk bir­nä­çe ae­ro­por­tuň uçuş-go­nuş zo­la­gyn­dan hem gys­ga. Bu ýer­de iň gys­ga wagt­da ge­çi­len uçuş hem ha­sa­ba al­nyp­dyr – 53 se­kunt. Ada­la­ryň ara­syn­da­ky ho­wa gat­na­wy 1967-nji ýyl­da ýo­la goý­lup­dyr. Hep­dä­niň şen­be gün­le­ri West­raý­dan Pa­pa West­ra­ýa we ýek­şen­be gün­le­ri Pa­pa West­raý­dan West­ra­ýa gat­naw bo­lup, hep­dä­niň beý­le­ki gün­le­ri iki­ta­rap­la­ýyn gat­naw­lar yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. 17 funt ster­ling­den sa­tyl­ýan bi­let­le­ri “Lo­ga­na­ir”-iň in­ter­net saý­tyn­dan we beý­le­ki sy­ýa­hat­çy­lyk saýt­la­ryn­dan al­mak bol­ýar. Şeý­le hem te­le­fon ar­ka­ly ýa-da elekt­ron poç­ta bi­len ýer bel­le­dip bol­ýar. Ada­la­ryň ara­syn­da gat­na­ýan ki­çi­jik ho­wa gä­mi­si­niň uçar­ma­ny Stýuart Link­la­ter 2013-nji ýyl­da öm­rün­de 12 müň­den köp gat­naw ama­la aşy­ryp, bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji bo­lup­dyr. Pa­pa West­raý ada­sy ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­re örän baý. Mu­gal­lym­lar, okuw­çy­lar, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler­de iş alyp bar­ýan ar­heo­log­lar we sy­ýa­hat­çy­lar ada­la­ryň ara­syn­da gat­na­ýan se­kiz orun­lyk ýe­ke-täk uça­ryň esa­sy ýo­lag­çy­la­ry bo­lup dur­ýar. Bu ho­wa gat­na­wy dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň hem iň ar­zy­ly uçuş­la­ry­nyň bi­ri­dir.