Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de irginsiz aladalarynyň netijesinde, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ata Watanymyz Türkmenistan sportuň ykrar edilen ýurduna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa, sportuň ykrar edilen paýtagtyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä we Aziýa çempionatlary geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi şol ýaryşlaryň geçirilýän esasy mekanyna öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi we beýleki halkara derejesindäki sport ýaryşlary ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy.
Sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, halkara derejeli ussat türgenleri hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýene-de bir iri sport ýaryşy – Ýer şarynyň dürli künjeginden, ýagny Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Okeaniýanyň döwletlerinden gelen agyr atletikaçylaryň iň güýçlülerini bir ýere jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty biziň ýurdumyzda geçirilýär.
REKORDLARYŇ ÇEMPIONATY
HÖKMÜNDE TARYHA GIRDI
Turuwbaşdan çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşlar rekordlaryň çempionaty hökmünde agyr atletika sportunyň taryhynda öz mynasyp ornuny aldy. Eýýäm çempionatyň ilkinji gününde rekord hasaba alyndy. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda hemmeleriň ünsi 55 kilograma çenli agrama gönükdi. “B” topardaky bäsleşikde 16 ýaşly italiýaly agyr atletikaçy Sergio Massidda ýetginjekleriň arasyndaky rekordy öz adyna ýazdyrdy. Bu çempionatyň ilkinji rekordy boldy, soňra rekord yzyna rekord goýuldy. Zenan we erkek türgenler öz şahsy rekordlaryny hem täzeläp, şol bir wagtda ýetginjekleriň, ýaşlaryň hem-de ulularyň arasynda onlarça rekordyň şaýady bolduk. Medal ugrundaky ýaryşlar diýseň gyzykly hem-de özboluşlylygy bilen tapawutlandy.
ÇEMPIONATYŇ
GURAMAÇYLYGYNA
ÝOKARY BAHA
Dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleri, tälimçileri, metbugat wekillerini bir ýere jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar çempionatyň Olimpiýa oýunlary derejesinde guralandygyny mälim etdiler. Şeýle ýokary baha çempionatyň has ýokary derejede guralandygyny görkezýär.
Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýan Türkmen döwlet habarlar agentligine beren beýanatynda çempionatyň guramaçylygynyň ýokary derejededigini belledi. Ol Türkmenistana, ýagny Aşgabada ikinji gezek gelendigini, mundan ozal Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin ýurdumyza gelendigini ýatlap, Aşgabatda geçirilen çempionatyň ähli görkezijiler boýunça sportuň bu görnüşinde taryha girendigini belledi. Tamas Aýanyň bellemegine görä, Aşgabatdaky çempionat sany hem-de hili boýunça, şeýle hem geografik giňişligi boýunça tapawutlandy. Käbir görkezijilere ser salanyňda, 2013-nji ýylda Polşadaky çempionata 54 ýurtdan 315 türgen gatnaşypdy, Türkmenistana bolsa, 100 ýurtdan 800 töweregi türgen geldi.
REKORDLAR, ÜSTÜNLIKLER, TEJRIBELER
Rekord yzyna rekord gazanylan dünýä çempionaty köp sanly türgen üçin özboluşly tejribe mekdebi boldy. Dünýäniň ençeme ýurdundan gelen türgenler bilen bir hatarda bäsleşen türkmen türgenleri hem şeýle ýokary derejedäki halkara ýaryşa gatnaşyp, öz tejribelerini artdyrdylar. Türkmen türgenleri beýleki türgenlerden birjikde pes galman, olar bilen ynamly bäsleşdiler. Şolaryň hatarynda zenanlaryň arasynda 45 kg agramda bäsleşige gatnaşan ýaş türgenimiz Ýulduz Jumabaýewany görkezmek bolar. Ol gürrüň edilýän agramda esasy tailandly türgenler bilen bäsleşip, hormat münberindäki ornuny aldy. Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi bilen ýaşlaryň arasynda 2 rekordy goýdy. Ýurdumyza wekilçilik eden beýleki türgenler – Kristina Şermetowa, Rejepbaý Rejepow, Gülnabat Kadyrowa we beýlekiler hem öz mynasyp çykyşlary bilen dünýäniň öňdebaryjy türgenleriniň hataryndaky orunlaryny ynamly ýokarlandyrdylar.
MYHMANLAR AŞGABADA
HAÝRAN GALDYLAR
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar üçin dürli gyzykly gezelençler guraldy. Türkmen paýtagtyna aýak basan myhmanlar Aşgabat şäheriniň ajaýyplyklaryny görmäge we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, milli gymmatlyklarymyz hem-de paýtagtymyza gaýtalanmajak owadanlyk berýän ýadygärliklerimiz we biri-birinden owadan binalarymyz daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrdy. Şeýle hem myhmanlar türkmen halkynyň milli tagamlaryny dadyp görüp, onuň lezzetine hem-de ajaýyplygyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň milli gymmatlyklary şekillendirilen sowgatlyk önümleri dünýä çempionatynyň myhmanlarynda ýakymly täsir galdyrdy. Türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden çykan ajaýyp tahýalar, çitme el torbalary, keşdeli sowgatlyklar bilen bir hatarda, çempionatyň nyşany bolup durýan türkmen alabaýy – Wepalynyň ýadygärlik sowgatlygy dünýä çempionatynyň myhmanlarynyň iň köp satyn alan harytlary boldy.