Türk­men te­bi­ga­ty­na görk be­rip otu­ran agaç­lar sa­nar­dan ju­da kän­dir. Ola­ryň bi­ri yn­san ýa­şaý­şy­na ýa­ram­ly mi­we­si bi­len şypa berýän pis­se aga­jy­dyr. Pis­se aga­jy ösüm­lik­le­riň hoz­lar maş­ga­la­sy­na degişli bolup, ol gü­nor­ta–gün­ba­tar Kö­pet­da­gyň de­re­le­rin­de ýa­ba­ny ös­ýän agaç­la­ryň bi­ri­dir. Hal­ky­myz bu aga­jyň mi­we­si­nden ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyp ge­lip­dir­ler. Pis­se agaç­la­ry de­re­le­riň daş­ly eň­ňit­le­rin­de örän giň­den ýaý­ran­dyr. Pis­se özün­de köp ýag sak­la­ýan­ly­gy bi­len hem bel­li­dir. Onuň maň­zyn­da ýag, be­lok we ýokumly maddalar köp bo­lup, adam üçin iň­ňän peý­da­ly­dyr. Pis­sä­niň ýa­gy onuň ös­ýän ýe­ri­ne we ho­wa şert­le­ri­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Mes topraklarda bitýän pis­säniň ýa­gy­nyň muk­da­ry howanyň ýagdaýy kadaly bolanda has hem ýokary bolýar. Pis­se aga­jyn­da ýag, esa­san-da, iýun-iýul aý­la­ryn­da köp ýyg­nan­ýar. Be­lok­lar pis­se maň­zyn­da 12-19 % bo­lan­da, onuň ýokumlylygy 3-6%-e deň bol­ýar. Pis­se aga­jy gü­neş­li Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, Or­ta Azi­ýa­nyň beý­le­ki ýurtlarynda hem ös­ýär. My­sal üçin, Öz­be­gis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň dag etek­le­rin­de pis­se bag­lyklaryna duş gel­mek bol­ýar. Ýö­ne, bel­le­me­li ta­ra­py bi­ziň gü­neş­li ül­kä­mi­ze Gün nu­ru­nyň bol­luk bi­len düş­me­gi ne­ti­je­sin­de, türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän pis­se­ler goň­şy ýurt­lar­da bit­ýän pis­se­ler­den dat­ly­ly­gy ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýar.
Gün­ba­tar Kö­pet­da­gyň Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da, Sum­bar jül­ge­sin­de, Gä­we­sö­wüt we Päl­wan­zaw di­ýen dag de­re­le­rin­de 1930 – 1940-njy ýyl­lar­da to­kaý ho­ja­lyk iş­gär­le­ri dag eň­ňit­le­rin­de pis­se ekip­dir­ler. Hü­när­men­le­riň gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, olar pis­säni 20-30 sm çuň­luk­da, 50х50 sm giň­lik­de, 10–25 metr ara­lyk­da her çu­ku­ru­na 5-6 çi­gi­di ok­lap­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, dag etek­le­rin­de pis­se aga­jy bol­luk bi­len ýe­ti­şip­dir.
Pis­se aga­jy­nyň ýap­rak­la­ryn­dan de­ri­le­ri eý­le­mek üçin hi­mi­ki mad­da­lar alyn­ýar. Onuň ýap­ra­gyn­da “buz­gunç” di­ýen mad­da bolup, ol ma­ta­la­ry bo­ýa­mak­da hem ula­nyl­ýar. Pis­se şep­bigini smo­la, lak hök­mün­de hem peýdalanýarlar. Bir pis­se aga­jyn­dan 31 grama çen­li smo­la alyn­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly yl­my-önüm­çi­lik sy­nag mer­ke­zin­de pis­se aga­jy­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär.

Ogul­gö­zel TÄÇ­MÄM­ME­DO­WA,
TYA-nyň Bio­lo­gi­ýa we der­man ösüm­lik­le­ri
ins­ti­tu­ty­nyň Mag­tym­gu­ly yl­my-önüm­çi­lik
sy­nag mer­ke­zi­niň la­bo­ran­ty.