Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy. Pekin milli stadionynda geçirilen XXIX Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna tutuş dünýä boýunça mawy ekran arkaly 2 milliard adam tomaşa etdi. Bu dabara 2008-nji ýylyň 8-nji awgustynda agşam sagat 8:08:08-de başlady. 8-lik belgi hytaýlylarda barlylygy hem-de ynamlylygy alamatlandyrýar. Çžan Imounyň we Çžan Sziganyň guramagynda geçirilen çärede angliýaly aýdymçy Sara Braýtman hem-de hytaýly aýdymçy Lýu Huan çykyş etdi.
Çilili şahtaçylaryň halas edilmegi. 2010-njy ýylyň 5-nji awgustynda Çiliniň San-Hose şahtasynda heläkçilikli ýagdaý emele gelýär. Bu heläkçilik zerarly şahtaçylar 69 gün ýeriň aşagynda galýar. Şahtaçylary halas ediş 2010-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda sagat 19:00-da başlanyp, bir gije-gündiziň dowamynda 33 şahtaçy halas edilýär. Bu halas ediş çäresine tutuş dünýäde 1 milliard adam tomaşa etdi. Şonda şahtaçylary ýakynlary bilen bir hatarda Çiliniň Prezidenti Sebastýan Pinýera we Boliwiýanyň Prezidenti Ewo Morales garşylady. Halas ediş çäresi üçin 22 million dollar sarp edildi.
Elwis Presliniň konserti. 1973-nji ýylda dünýä belli aýdymçy Elwis Presliniň konsertine 1 milliard adam tomaşa etdi. 14-nji ýanwarda geçirilen konsert ABŞ-nyň Gawaýa ştatynyň paýtagty Gonoluludan emeli hemra arkaly 18 ýurtda görkezildi.
Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň finaly. 2006-njy ýyldaky Italiýanyň hem-de Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda oýnalan futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final duşuşygyna 715 million adam tomaşa etdi. Şol ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Berliniň Olimpiýa stadionyndaky duşuşyga 69 müň janköýer gatnaşdy. Bu pursat esasy wagty 1:1 deňme-deň tamamlanan duşuşygyň goşmaça wagtynda fransiýaly Zinedin Zidanyň Marko Materassiniň döşüne kellesi bilen urup, oýundan çykmagy hem ýatda galypdy. Final duşuşygynyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitläpdi. Italiýa jerime urgulary esasynda Fransiýany 5:3 hasabynda utup, çempion bolupdy.
“Apollon-11” kosmos gämisiniň Aýa gonmagy. 1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda Nil Armstrong bilen Edwin Oldrin “Apollon-11” kosmos gämisi bilen Aýa gonupdy. Bu waka 500 million tomaşaçynyň ünsüni çekdi. Olar Aýda 21 sagat 36 minut 21 sekunt galypdy. Şeýlelikde, Nil Armstrong Aýa aýak basan ilkinji adam derejesine eýe bolupdy.
Maýkl Jekson bilen hoşlaşyk. 2009-njy ýylda aradan çykan dünýä belli aýdymçy Maýkl Jekson bilen hoşlaşmak dabarasyna 500 million adam mawy ekranda tomaşa edipdi. Bu çärä 18 müň adam gatnaşypdy.
CCTV teleýaýlymyndaky bahar gala-konserti. 2012-nji ýylda Hytaýyň CCTV teleýaýlymynda görkezilen Hytaýyň Täze ýyla bagyşlap geçiren bahar gala-konserti 498 million tomaşaçyda gyzyklanma döretdi. Her ýyl geçirilýän bu aýdym-saz çäresiniň ilkinjisi 1983-nji ýylda guralypdy.
Kriket boýunça Dünýä çempionatynyň ýarym finaly. 2011-nji ýylda geçirilen Hindistan bilen Pakistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky kriket boýunça Dünýä çempionatynyň ýarym final duşuşygyna 400 million janköýer tomaşa edipdi. Çempionat 3 döwletde – Bangladeşde, Hindistanda we Şri-Lankada geçirilip, Hindistanyň milli ýygyndysy çempion bolupdy.
Şazada Uilýamyň we Ketrin Middltonyň toýy. 2011-nji ýylda Kembrij gersogy şazada Uilýam bilen Ketrin Middltonyň durmuş toýuna 300 million adam mawy ekranda tomaşa etdi. Şazada Uilýam Ketrin Middlton bilen 2001-nji ýylda Sent-Endrýussk uniwersitetinde okan döwründe tanyşýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Jon Kennediniň jaýlanmagy. 1963-nji ýylda ABŞ-nyň 35-nji Prezidenti Jon Kennedi bilen hoşlaşyk dabarasyna 180 million adam tomaşa etdi. Şol ýylyň 25-nji noýabryndaky hoşlaşyk dabarasy Waşingtonda geçirilip, Kennedi Arlington gonamçylygynda jaýlanypdy. Oňa 92 ýurtdan 220-ä golaý ýokary derejedäki wekiliýet gatnaşypdy.
Baýramdurdy OSMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.