Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da ABŞ-da pre­zi­dent saý­la­wy ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň üçin ýurt­da ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri par­ti­ýa­la­ryň ara­syn­da öza­ra bäs­le­şik­ler do­wam ed­ýär. 19 hep­dä çeken par­ti­ýa­la­ryň ara­syn­da­ky il­kin­ji saý­law­lar ta­mam­lan­dy. Res­pub­li­kan­la­ryň da­laş­gä­ri Do­nald Tramp we De­mok­rat­la­ryň da­laş­gä­ri Hil­la­ri Klin­ton ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy.
Go­laý­da-da ABŞ-nyň bäş şta­tyn­da – Ka­li­for­ni­ýa­da, Nýu-Mek­si­ka­da, Nýu-Jer­si­de, Mon­ta­na­da we Gü­nor­ta Da­ko­ta­da il­kin­ji saý­law ge­çi­ril­di. Bu ştat­lar­da­ky saý­law­dan soň­ra par­ti­ýa­la­ryň il­kin­ji saý­la­wy ta­mam­lan­dy. In­di, no­bat par­ti­ýa­la­ryň uly mej­li­sin­de. Ol hem öňü­miz­dä­ki aý­lar­da ge­çi­ri­ler. Şol mej­lis­ler­de Do­nald Tram­pyň hem-de Hil­la­ri Klin­to­nyň da­laş­gär­li­gi res­mi taý­dan kes­git­le­ner.
8-nji no­ýabr­da­ky saý­la­wyň öňü­sy­ra­syn­da mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­la­ry hal­kyň ara­syn­da pi­kir so­raş­ma­lar ge­çir­ýär. On­da ki­miň ABŞ-nyň no­bat­da­ky pre­zi­den­ti bol­jak­dy­gy so­ral­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Hil­la­ri Klin­ton öz bäs­de­şi Donald Tramp­dan 11 gö­te­rim öň­de. Saý­law­çy­la­ryň 46 gö­te­ri­miniň Klin­to­na ses ber­jek­di­gi­, 35 gö­te­ri­miniň bol­sa Tram­pyň tarapyndadygy mälim edildi. Ola­ryň 19 gö­te­ri­mi en­tek bel­li bir ne­ti­jä gel­män­dir.
Hil­la­ri Klin­ton ýur­duň döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne da­laş­gär gör­ke­zil­me­gi­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Ol no­ýabr­da­ky saý­lawa da­laş­gär hök­mün­de gat­naş­ýan il­kin­ji ze­nan bol­dy. Klin­ton par­ti­ýa­sy­nyň il­kin­ji saý­la­wy­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li saý­law­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy. Şon­da çy­kyş eden Klin­ton: “Si­ziň kö­me­gi­ňiz bi­len ta­ry­hy üs­tün­li­gi ga­zan­dyk. Ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek esa­sy par­ti­ýa­la­ryň bi­ri­niň da­laş­gä­ri ze­nan maş­ga­la bol­dy” di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem ol bu di­ňe bir ada­myň ga­za­nan üs­tün­li­gi däl, mun­da köp san­ly er­kek we ze­nan maş­ga­la­la­ryň go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Golaýda Libertarian partiýasy Gari Jonsonyň dalaşgär hökmünde görkezipdi.