Merkezi Aziýa döwletlerine, Owganystana, Eýrana hem-de Hytaýa syýahat etmek mümkinçiligi döredilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň tebigy we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNESKO edarasy degişli taslamany işläp düzdi. Bu taslama sebitde syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşine goşandyny goşar. Bu taslama Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara foruma 7 ýurtdan 60-dan gowrak bilermen gatnaşdy. Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň degişli ministrlikleri, muzeýleri hem-de ylmy institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. ÝUNESKO-nyň sebit edarasynyň direktory Krista Pikkat bu maslahaty Beýik Ýüpek ýolunyň umumy medeni mirasyny tanyşdyrmak maksady bilen gurandyklaryny aýdýar. Bu maslahatyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda täze tapgyryň başlanmagyna mümkinçilik berendigi, şeýle hem sebitde syýahatçylygyň ilerledilmegine oňyn goşandyny goşjakdygy aýdylýar.
Sähragül AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.